Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada Barselonanyň şemaly belentden öwüsýär. Katalonlar çempionatda 18 oýundan bäri ýeňilmän gelýär (15 ýeňiş, 3 deňlik). 28-nji tapgyrda myhmançylykda öňdäki orunlara ymtylýan “Real Sosiedady” uly hasap bilen, 6-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Katalonlara ýeňiş getiren gollary Grizmann (36), Dest (43, 53), Messi (56, 89) hem-de Dembele (71) öz atlaryna ýazdyrdylar. Ýer eýeleriň ýeke-täk goluny-da 77-nji minutda Barranetçea derwezä girizdi.

Duşuşykda 2 gol geçiren Lionel Messi katalonlaryň düzümindäki 768-nji oýnuny oýnap (çempionatda 511-nji oýun), Hawi Hernandesiň rekordyny täzeledi we “Barselonanyň” iň köp duşuşyk geçiren futbolçysy boldy. Geçiren 2 golundan soň, möwsümdäki gollarynyň sanyny 23-e çykaran Messi 19 golly Suaresden öňde barýar.

Suaresiň 500-nji goly

Sanawyň lideri “Atletiko Madrid” bolsa öz meýdançasynda “Alawesi” Luis Suaresiň (53)  ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy. Bu gol urugwaýly hüjümçiniň karýerasyndaky 500-nji gol hökmünde hasaba alyndy.

3-nji basgançakda barýan “Real Madrid” hem myhmançylykda Seltany 3-1 hasabynda ýeňdi. Oýunda Karim Benzema 2 gezek tapawutlandy.