Slowakiýanyň professional däl futbol toparlarynyň biri biri bolan “TJ Tatran Çierni Balog” klub öz duşuşyklaryny kiçeňräk stadionda geçirýär. Demirýol menziliniň golaýynda gurlan bu stadionyň özboluşly tarapy içinden demir ýoluň geçmegidir. Baloz welaýatynyň Çierni Balog şäherçesiniň kluby 1933-nji ýylda esaslandyrylyp, toparyň stadionynyň az sanly janköýere niýetlenen tribuna tarapynda, tomaşaçylaryň öňünden wagtal-wagtal 2-3 wagonly hem bolsa otly geçip gidýär. 1890-njy ýyllarda gurlup başlanan demirýoly tokaýdyr daglaryň arasyndan geçýär. Häzirki wagtda 1982-nji ýylda resmi ýagdaýda ýapylan demir ýoluň 17 kilometri  diňe syýahatçylyk maksatly ulanylýar. Demir ýoluň stadionyň içinden geçýän ýeri “TJ Tatran Çierni Balog” klubunyň duşuşygyna tomaşa etmäge gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.