24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş gündogar halklarynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi hem-de bu işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary we çyzgylary görkezdi.
Häzirki wagtda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerlerde birnäçe binagärlik toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu ýerdäki binalar, ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäheriň bu künjeginiň gözelligine gözellik goşýar.
Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz dostluga, watansöýüjilige, merdanalyga çagyrýan ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.
Şunda bu ýerlerde gurulýan desgalar Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir we olaryň taslamalary taýýarlananda häzirki zamanyň ösen tejribelerinden, milli binagärlik ýörelgelerinden we ýerli özboluşly tebigy aýratynlyklardan ugur alynmalydyr, ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de wise-premýer Ş.Durdylyýewe, gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymowa, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowa anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralara beslenýändigini aýdyp, ýerine ýetirilýän işlerde şanly senelere görülýän taýýarlyga möhüm ähmiýet berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýadygärligiň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyryş derejesine, bu ýerleriniň gülzarlyga öwrülmegine ünsi çekip, arassaçylyk we ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň taryhynyň dürli döwürlerinde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny belläp, bu ýerde, Giňdiwaryň eteginde Magtymguly Pyragynyň toplumy ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta tarapynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerine ünsi çekip, desgalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklaryna, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, desgalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmagy, olarda reňkleriň özboluşly sazlaşygynyň döredilmegi we milli öwüşginde bolmagy möhüm talap bolup durýar.
Şeýle hem häzirki döwürde bu ýerde sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Şäheriň günorta böleginde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler binagärlik şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy bölegini emele getirýär. Kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen işler toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň gurluşygynda ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütler we bu ugra degişli dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylýar. Şeýle hem bu ýerden geçýän tebigy sil akabalarynyň durky täzelenip, olar häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylýar.
Bu işleriň ýokary derejede amala aşyrylmagy paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman desgalarynyň, seýilgäh zolaklarynyň we beýleki toplumlaryň gurluşyklarynyň bökdençsiz alnyp barylmagynyň baş şertini emele getirýär. Şunda işleriň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär.
Bu ýerde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan akabalar gurlar. Tebigy sil suw akabalarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu ýerleriň sil suw akabalary Garagum derýasynyň demirgazygyndaky suw akabasyna birikdirilýär. Şeýlelikde, jemlenýän sil we ýagyn suwlary bir bitewi ugra birigip, «Altyn asyr» Türkmen kölüne tarap gidýän akaba goşular.
Toplumyň gurluşygynyň hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleriniň Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetine ynanylandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygynda tehnikalaryň 900-si ulanylýar. Şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän düzüme degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki ýerlerde gurulýan sil suwlaryny sowujy desgalaryň ugry bilen akýan suwlaryň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň akabasyna goşulyp, Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän Türkmen kölüne akdyrylmagynyň ähmiýetini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyza sil suw akabalarynyň gurluşyklarynyň şekil taslamalary, şeýle hem akabalaryň ugrunda ýerleşdirilýän suw saklaýjy desgalar, olaryň geçjek ugurlary, awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar görkezildi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda uly göwrümli howdanlaryň döredilýändigi, onda siliň getiren daşlarynyň owradylýandygy, şeýlelikde, sil suwlarynyň süzülip, arassa suw alynýandygy barada giňişleýin maglumatlar berdi. Işler dünýäniň ösen tejribesi esasynda alnyp barylýar, ýurdumyzyň alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul edýärler. Sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda suw toplaýjy desgalaryň 10-a golaýy bina edildi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryndan goraýjy desgalaryň gurluşygyna, şol sanda tebigy akabalaryň ulanyş ýagdaýynyň degişli derejede saklanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Bu işde halkymyzyň köpasyrlyk tejribesinden ugur alynmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Paýtagtymyzyň we onuň töwerekleriniň abadanlaşdyrylmagy we ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek üçin tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalar toplumynyň kemala gelýän ýerinde gurulýan binalaryň bir bitewi binagärlik sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow gurluşygy alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy desgalaryň toplumyndaky işleriň ýagdaýy, onuň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän suw sorujylaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we olaryň kuwwaty barada hasabat berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzyň bu künjegini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak, aýratyn-da, bu ýerde ýakymly howa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilen ekologiýa syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz desgalar, aýratyn-da, sil suw akabalary gurlanda we olaryň taslamalary düzülende olaryň ýokary hiline, uzakmöhletleýinligini üpjün etmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden çykýan zeý suwlaryny, şol sanda ýagyn we sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi Garagumda maldarçylygy, dowardarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryň çägini giňeltmek we balykçylyk bilen meşgullanmak üçin zerur şertleri üpjün edýär.
Bellenilişi ýaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi Garagum sährasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir eder. Türkmen kölünde balyklaryň görnüşleriniň 38-e ýetmegi onuň bu ugry ösdürmekde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şunuň bilen birlikde, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary saklamak, çölleşmä hem-de ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tokaý zolaklaryny döretmek, ilatyň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly işler dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şunda suw akabalaryny giňeltmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini belledi hem-de bu wajyp ähmiýetli işlerde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň oýlanyşykly ulanylmalydygy we bu desgalaryň gurluşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygy barada tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi we amala aşyrylýan işlerde üstünlik arzuw etdi.