Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, jebisligiň, sagdynlygyň ýurduna öwrüldi. Şu ýyl ýurdumyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny toýlamaga taýýarlanýar.
Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýyl hem şanly wakalara baý bolar. Milli Liderimiz 12-nji fewralda Hökümetiň 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwletimiziň çäginde hem-de daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna gol çekdi.
Bu Maksatnamanyň çäklerinde üstümizdäki ýylda paýtagtymyz Aşgabatda köp sanly ýokary derejedäki duşuşyklar meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky, XV Sammitini, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI Sammitini, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyny belläp geçmek bolar. Şeýle hem halkara söwda boýunça işewürleriň kongresi, «Sanly çözgüt – 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dizaýnerleriň binagärlik bäsleşigi, ulag ulgamyna, nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek, Hazar deňzi we Aralýaka sebiti, azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumlardyr duşuşyklar ýaly ykdysady we ekologiýa ugry boýunça köp sanly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň baýram edilýän ýylynda türkmen halkynyň milli bunýsançlary hasaplanýan gamyşgulak ahalteke bedewlerimiziň hem-de mertligiň we merdanalygyň nusgasy bolan alabaý itimiziň şanly baýramçylyklary ilkinji gezek bilelikde toýlanar.
Ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köp sanly binalaryň hem açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutuldy. Olaryň ilkinjileri 25-nji martda toý lybasyna beslendi. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan döwrebap ýyladyşhanalar ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň her bir sebitinde iri ýyladyşhana toplumlarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Umuman, ýurdumyz şu ýyl şanly Garaşsyzlyk baýramymyzy uludan tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy» diýip, belleýşi ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň özüniň Garaşsyzlyk ýoly bilen gazanan täze üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýar. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň
dekanynyň w.w.ý.ý.