Ak şäherimiz Aşgabat şu ýyl 140 ýaşyny belleýär. Şäherimiz bu gün dünýäniň ählitaraplaýyn ösen şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeleýär. Gözel paýtagtymyz bu günki gün ýurdumyzyň ýüregi hökmünde durmuş-ykdysady düzümleriň uly toplumyny özünde jemleýär.
Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap medeni we durmuş maksatly binalar, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri gurulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde yglan edildi. Şu ýylda naýbaşy seneleriň ikisiniň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilmegi Watanymyzyň barha artýan abraýyny has-da belende galdyrar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen binagärlik keşbi göreni haýrana goýýan ak şäherimiziň we ondaky gözel desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun almagyny beýik Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miwesi hökmünde belläp geçesimiz gelýär.
Şu ýerde paýtagtymyzyň bu abraýly kitapda orun alan käbir rekordlaryny hem ýatlap geçsek has ýerlikli bolar. Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka tutuş dünýäde dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» diýlip Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabatda Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki zaman howa menziliniň ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 211 metre barabar bolan minara – «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi sebäpli 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 95 metre deň bolup, ol ýapyk görnüşli synlamak üçin niýetlenen, daşky aýlawy 57 metre ýetýän häzirki güne çenli dünýäde iň uly hiňňildikdir.
2017-nji ýylda dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary bolan Olimpiýa suw sport toplumy ekologiýa taýdan arassa materiallary bilen tapawutlanyp, Sportuň suw görnüşleri merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Ine, şunuň ýaly ýene-de köp sanly binagärlik babatda haýrana goýýan ymaratlar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu hem milli Liderimiziň paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat Aziýanyň «merjeni» bolmak bilen, aşyklaryň we arzuwlaryň amala aşýan şäheridigini, onuň goýnunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan täsin binalaryň hem-de köp sanly beýleki ajaýyplyklaryň ýene-de bir dünýä rekordyny goýjakdygyny ynamly aýtmak bolar.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.