Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2024-nji ýyl­da akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­ler. Türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi XX asy­ryň bi­rin­ji ýa­rym­dan baş­lap, on­lar­ça gör­nük­li ede­bi­ýat­çy, ta­ryh­çy, jem­gy­ýe­ti öw­re­ni­ji we beý­le­ki alym­lar ta­ra­pyn­dan öw­re­ni­lip, ol dog­ru­syn­da en­çe­me yl­my-bar­lag iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti ba­bat­da aý­da­ny­myz­da, ol gi­den bir um­man bo­lup, ony dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek ug­run­da giň­den ta­gal­la edil­ýär. Şo­nuň üçin ak­yl­dar şa­hy­ry­my­zyň ýu­bi­leý ýy­ly­na çen­li «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň en­sik­lo­pe­di­ýa­sy­nyň» dö­redil­me­gi­niň hem-de san­ly we ne­şir gör­nü­şin­dä­ki «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­wa­ny­nyň» taý­ýar­la­n­ma­gy­nyň çuň­ňur ma­ny­sy bar­dyr.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ry bir­nä­çe da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­de onuň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Türk­men şa­hy­ry­nyň çuň­ňur pä­him-pa­ra­sa­ta ýug­ru­lan şa­hy­ra­na us­sat­ly­gy we yla­hy ze­hi­ni tu­tuş dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni özü­ne ben­di ed­ýär. Onuň şeý­le­di­gi­ne te­le we ra­dio ýaý­lym­lar­da­ky köp san­ly çy­kyş­lar, ga­zet-žur­nal­lar­da­ky ses­len­me­ler hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Ha­ky­kat­dan-da, mil­li şa­hy­ry­my­zyň goş­gu­la­ryn­da­ky şa­hy­ra­na se­tir­le­ri wa­tan­çy­ly­ga, do­gan­lyk-dost­lu­ga, yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryp, şol ýö­rel­ge­ler hä­zir­ki wagt­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len dün­ýä jem­gy­ýe­t­çi­li­gin­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Pa­ra­hat­çy­lyk we dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ka­ra baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan 2021-nji ýy­lyň ýer ýü­zün­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len hem berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň öze­ni türk­me­niň ga­dy­my hem baý halk dö­re­di­ji­li­gi­dir. Hal­kyň dün­ýä ha­kyn­da­ky oý­lan­ma­la­ry, dün­ýä dü­şün­me­le­ri äh­li çuň­lu­gy we da­na­ly­gy bi­len şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne si­ňip­dir. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden işin­de gün­be-gün­den kä­mil­le­şip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­mak, Wa­ta­ny ak ýü­rek­den söý­mek ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry Ber­ka­rar döw­le­timiziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň eser­le­ri­niň dün­ýä dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi hem-de onuň ta­nyş­dy­ryş da­ba­ra­la­ry­nyň do­wam et­diril­megi, bu dog­ru­syn­da dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ryň gural­magy, di­ňe bir türk­me­niň be­ýik og­lu­nyň pa­ra­sat­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak jäht­den gym­mat­ly bol­man, eý­sem-de, türk­men hal­ky­nyň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giniň iç­gin dü­şün­me­gi ba­bat­dan-da örän äh­mi­ýet­li­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­sy dün­ýä­niň köp dil­le­ri­ne, şol san­da türk, rus, iň­lis, azer­baý­jan, arap, er­me­ni, be­la­rus, ga­zak, öz­bek, tä­jik, gru­zin, uk­ra­in, hy­taý, ýa­pon, ru­myn we beý­le­ki dil­le­re ter­ji­me edil­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­miz­de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk to­ýu­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň giň ge­rim­de ýaý­baň­la­nyp baş­lan­ma­gy, il­kin­ji no­bat­da, yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi, bi­lim we me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­ni ýa­daw­syz zäh­met çek­mä­ge iter­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk to­ýu­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk­lar mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­zyň baý ede­bi mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mä­ge, ony bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mä­ge dö­re­d­ýän şert­le­riniň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Mil­li mi­ra­sy­my­zy hem-de baý şyg­ry­ýet dün­ýä­mi­zi giň­den wa­gyz et­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýän mil­li Li­de­ri­mi­ziň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Je­ren ŞA­GU­LY­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let
uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.