Gündelik iýmitlenişe üns bermek örän möhümdir. Sagdyn we deňagramly iýmitlenmek bilen köp keseliň ýüze çykmak ähtimallygyny azaldyp bilersiňiz. Ýürege we ýürek damarlaryna peýdaly iýmitler baradaky maglumatlary siziň üçin jemledik.
Sarymsak. Damar dykylmagynyň öňüni alýar, gan basyşyny we gan lipidlerini peseldýär.
Pomidor. Pomidora gyzyl reňk berýän likopen ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar we holesterini kadalaşdyrýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, bişirilen pomidor has peýdalydyr.
Ysmanak. Ysmanak gan basyşyny kadaly saklaýar, holesterini peseldýär we ýürek myşsasynyň yzygiderli işlemegini üpjün edýär.
Alma. Alma, esasan, pektin düzümi bilen ýaramaz holesterini ýok etmek arkaly ýürek keselleriniň döremek howpuny azaldýar.
Zeýtun ýagy. Ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar we holesterini peseldýär. Zeýtun ýagyny günde 2-3 nahar çemçesinden köp kabul etmek zyýanlydyr.
Balyk. Süýji we ýürek keseli bolan adamlara hepdede 2 gün balyk iýmek maslahat berilýär. Balyk ýürek urgusyny kadalaşdyrýar. Ýöne balygy gowurman, buglap iýmek peýdalydyr!