“Xiaomi” kompaniýasy “Mi 11 Lite 5G” atly smartfony satuwa çykarýar. “Qualcomm Snapdragon 780G” mikroprosessory bilen bilen enjamlaşdyrylan dünýäde ilkinji enjam bolan smartfonyň ýadyny “Mikro SD” arkaly giňeldip bolýar. Telefonyň ölçegleri 60,53 mm x 75,72 mm x 6.81 mm, agramy 159 grama barabar. Smartfonda iki sany Nano SIM kart hem-de 1 TB-a çenli “MicroSD” kart oturdyp bolýan porty bar. Telefonyň “FullHD +” durulygynda 6,55 dýuýmlyk AMOLED ekrany bar. Esasy kamerasy 64 megapiksel bolup, 8 megapiksel ultragiň we 5 megapiksel kamera sensory bar. Batareýanyň kuwwaty 4250 mA/sagat, smartfon 33 Wt çalt zarýad bermegi goldaýar. Enjam 2-nji aprelde satuwa çykarylar.