Is­len­dik en­ja­my ta­la­ba­la­ýyk ulan­saň, onuň ula­nyş möh­le­ti uza­ga çek­ýär. Nä­dog­ry ula­ny­lan zat wag­tyn­dan öň bo­zul­ýar. Öý bi­ke­le­ri­niň işi­ni ep-es­li de­re­je­de azald­ýan kir ýu­wu­jy en­jam­lar hem şeý­le. Egin-eşik­le­ri reň­ki we ön­dü­ri­len ma­te­ria­ly göz öňün­de tu­tul­man, ga­ryş­dy­ryp ýuw­mak kir ýu­wu­jy en­ja­my­ňyz üçin zy­ýan­ly­dyr. «Aras­sa­laý­jy se­riş­de­ler nä­çe köp ula­nyl­sa, eşik­ler şon­ça-da aras­sa bo­lar» di­ýen pi­kir hem dog­ry däl­dir. Aşa köp ýu­wu­jy se­riş­de gu­ýul­sa, en­jam ony aras­sa­lap ýe­tiş­me­ýär. Şeý­le­lik­de egin-eşik­ler­de aras­sa­laý­jy se­riş­dä­niň ga­lyn­dy­la­ry gal­ýar. Egin-eşik­ler en­ja­ma aty­lan­da syr­ma, to­ka we beý­le­ki me­tal­dan ýa-da plast­mas­sa­dan ýa­sa­lan zat­lar hem göz öňün­de tu­tul­ma­ly. Eşi­giň baş­ga­by ýa-da ke­me­ri ýa­ly aý­ryp bol­ýan bö­lek­le­rin­de ga­ty zat­lar bar bol­sa, olar aý­ra­tyn­lyk­da hem ýuw­lup bil­ner. Se­bä­bi ga­ty me­tal bö­lek­le­ri kir ýu­wu­jy en­ja­my­ňy­za ýa-da beý­le­ki eşik­le­re ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Her­nä­çe aras­sa gö­rün­ýän hem bol­sa, kir ýu­wu­jy en­jam­da her ge­zek ula­ny­lan­dan soň­ra, az­da-kän­de to­zan we kir ga­lyn­dy­la­ry ýyg­nan­ýar. Şol se­bäp­li ony wagt­ly-wag­tyn­da aras­sa­lap dur­ma­ly. Aras­sa bol­ma­dyk en­jam ýa­kym­syz ys­la­ryň we eşik­ler­de teg­mil­le­ri­ň dö­re­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Kir ýuw­ýan en­ja­my aras­sa­la­ma­gyň kä­bir aň­sat usul­la­ry:

Li­mon kis­lo­ta­sy. Bu se­riş­de­den taý­ýar­la­nan er­gin kir ýu­wu­jy en­ja­my aras­sa­la­ma­ga ýar­dam eder. Il­ki bi­len üç na­har çem­çe­si li­mon kis­lo­ta­sy­nyň (li­mo­nyň sy­ky­lan su­wy hem bo­lar) üs­tü­ne bir bul­gur ak sir­ke su­wu­ny guý­ma­ly. En­ja­my­ňy­zyň ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk bö­lü­mi­ni saý­lap, ga­pa­gy­ny ýa­pyp iş­let­me­li. Işi­ni ta­mam­lan­dan soň bol­sa, ýe­ne bir ge­zek ýa­rym sa­gat­lyk iş­let­me­li. Şon­dan bir-iki sa­gat­dan soň­ra egin-eşik­le­ri­ňi­zi ýu­wup bi­ler­si­ňiz. Bu usu­ly aý­da bir ge­zek ulan­mak peý­da­ly ha­sap­la­nyl­ýar.

Gap-gaç ýu­wu­jy ger­de­jik. Gap-gaç ýuw­ýan en­jam­la­ra ni­ýet­le­nen ga­ty gör­nüş­li aras­sa­laý­jy se­riş­de kir ýuw­ýan en­jam­lar­da hem go­wy ne­ti­je ber­ýär. Ga­ty se­riş­dä­ni kir atyl­ýan ýe­ri­ne taş­laň we en­ja­my gyz­gyn­lyk de­re­je­si­niň iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­li bö­lü­min­de iş­le­diň! Soň­ra, ýo­kar­da bel­leý­şi­miz ýa­ly, ýa­rym sa­gat­lyk bö­lüm­de gaý­ta­dan iş­le­diň! Şeý­le­lik­de, ha­pa ga­lyn­dy­la­ry en­ja­myň ga­pa­gy­na sy­ry­gyp, şol ýer­de top­lan­ýar. Bu bol­sa si­ze ha­pa ga­lyn­dy­la­ry­ny aň­sat­lyk bi­len aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.