Çärýek finalyň beýleki duşuşygynda “Mançester Siti” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşdy. Oýnuň 19-njy minutynda nemes toparynyň oýunçylarynyň ýalňyşlygynyň netijesinde, Kewin De Bruýne ýoldaşlary bilen özara paslaşykdan soň hasaby açdy. Şondan soň iki topar hem esasan-da ýer eýeleri birnäçe amatly pursatlar döretdiler. “Borussiýa Dortmund” oýnuň 84-nji minutda hasaby deňlemegi başardy. Bu goly Erling Hollanyň pasyndan soň Marko Roýs derwezä girizdi. Roýs UÇL-däki 18-nji goluny geçirip, ol bu ýaryşda dortmundlylaryň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Duşuşygyň 90-njy minutynda-da Fil Fodeniň takyk urgusyny nemes klubunyň oýunçylaryna saklamak başartmady. Netijede, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Mançester Siti” ýarym finala çykmak ugrunda bir ädim öňe geçdi.

Jogap oýny 14-nji aprelde oýnalar.