Şu ýy­lyň 4-5-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de Ow­ga­nys­ta­nyň ös­me­gi bi­len bag­ly me­se­le­le­re ba­gyş­la­ny­lan “Aba­dan­çy­ly­gyň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk” at­ly hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň işi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mu­nuň, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ham­mad Aş­raf Ga­ni­niň, da­şa­ry ýurt­la­ryň 76-sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri­niň hem-de hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň 26-sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Türk­me­nis­ta­nyň Ow­ga­nys­ta­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly alyp bar­ýan giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di.
Türk­men ta­ra­py mas­la­hat­da çy­kyş edip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 65-nji mej­li­sin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­ny ýe­ne-de be­ýan edip, ýur­du­my­zyň Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça pa­ra­hat­çy­lyk­ly gep­le­şik­le­ri gu­ra­mak üçin öz sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gi­ni hö­dür­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Mun­dan baş­ga-da, mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar Ow­ga­nys­tan üçin hem-de onuň gat­naş­ma­gyn­da iri möç­ber­li yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Şu ba­bat­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti, we­ki­li­ýet­le­riň baş­tu­tan­la­ry we beý­le­ki çy­kyş eden­ler TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­ne, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Tä­ji­gis­tan de­mir ýo­lu­na, türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň Ow­ga­nys­ta­na hem-de Pa­kis­ta­na ibe­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na, aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň hem-de bu ugur­da op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na de­giş­li tas­la­ma­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­le­di­ler. Bu tas­la­ma­la­ryň äh­li­si­niň di­ňe bir Ow­ga­nys­ta­nyň di­kel­dil­me­gi­ne, onuň hä­zir­ki za­man dün­ýä ho­ja­lyk ara­gat­na­şyk­lar ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­na däl-de, eý­sem, Azi­ýa se­bi­tin­de howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne-de ýar­dam ber­jek­di­gi nyg­tal­dy.
Hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça oňa gat­na­şy­jy­lar Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­ny ka­bul et­di­ler. On­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, se­bit­de de­mir ýol­la­ryň hem-de elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň gol­da­nyl­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär, şeý­le hem 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça 7-nji se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk mas­la­ha­ty­ny (RECCA VII) ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy üçin Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne ho­şal­lyk be­ýan edil­ýär.

ÝEW­RO­PA BI­LE­LE­ŞI­GIN­DEN
1,2 MIL­LIARD ÝEW­RO KÖ­MEK
Brýus­sel­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň (ÝB) Ow­ga­nys­ta­ny ös­dür­mek üçin 1,2 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­ni kö­mek hök­mün­de ber­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu ba­ra­da ÝB-niň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni ha­bar ber­di.
– ÝB Ow­ga­nys­ta­na 1,2 mil­liard ýew­ro kö­mek ber­mek ha­kyn­da ka­rar ka­bul et­di. Bu ugur­da beý­le­ki hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň hem iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny is­le­ýä­ris. Bu mas­la­hat Ow­ga­nys­ta­ny di­kelt­mek üçin di­ňe ma­li­ýe kö­mek­le­ri­ni ber­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­man, eý­sem, beý­le­ki sy­ýa­sy me­se­le­ler ba­bat­da-da ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ýurt­da howp­suz­ly­gy hem-de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek bi­len hem onuň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni ga­zan­mak bo­lar – di­ýip, Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni mä­lim et­di.
Onuň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu hal­ka­ra mas­la­hat dün­ýä döw­let­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Oňa dün­ýä­niň 76-dan gow­rak döw­le­tin­den 100-e go­laý we­ki­li­ýet gat­naş­dy. ÝB-niň ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň Ow­ga­nys­ta­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­lerde uly jo­gap­kär­çi­li­gi üs­tü­ne al­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy.
Ow­ga­nys­tan­da dür­li ugur­lar­da öňe­gi­diş­lik­le­riň bol­ýan­dy­gy­ny mä­lim eden Fe­de­ri­ka Mo­ge­ri­ni: “Ýurt­da düýp­li öz­ge­riş­lik­ler ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da ow­gan hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň kö­me­gi­ne bil bag­la­ýa­rys. Ýö­ne hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem jo­gap­kär­çi­li­gi ulu­dyr. Şu ge­zek­ki mas­la­hat Ow­ga­nys­ta­na 2020-nji ýy­la çen­li kö­mek et­mek ba­bat­da­ky me­se­le­le­ri öz içi­ne al­dy” di­ýip bel­le­di.
Şeý­le hem bu mas­la­ha­ta gat­na­şan Awst­ra­li­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ju­li Bi­şop hem öz ýur­du­nyň Ow­ga­nys­ta­na yzy­gi­der­li kö­mek ber­mek üçin ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, Awst­ra­li­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2020-nji ýy­la çen­li her ýyl ow­gan hal­ky­na 80 mil­li­on awst­ra­li­ýa dol­la­ry (60 mil­li­on dol­lar) möç­be­rin­de pul kö­me­gi­ni ber­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Mun­dan baş­ga-da Awst­ra­li­ýa Bü­tin­dün­ýä Azyk mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­ti bi­len hem 10 mil­li­on dol­lar kö­mek ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Awst­ra­li­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu pul se­riş­de­le­ri Ow­ga­nys­tan­da dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­ler.

OW­GA­NYS­TA­NA YZY­GI­DER­LI
KÖ­MEK BE­RIL­ÝÄR
Soň­ky 3 aýyň do­wa­myn­da Ow­ga­nys­ta­na hu­su­sy ma­ýa­dar­lar­dan 1,1 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de kö­mek pu­ly be­ril­di. Bu ba­ra­da Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni ha­bar ber­di.
– Soň­ky 3 aýyň do­wa­myn­da uly möç­ber­de pul kö­me­gi­niň ge­lip go­wuş­ma­gy­ny uly buý­sanç bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin. Ow­ga­nys­ta­nyň hö­kü­me­ti­niň hal­ka­ra ma­ýa­dar­lar­dan gel­ýän kö­mek pul­la­ry­ny ýur­dy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek üçin sarp et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­ýa­ryn. Biz öz ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi­ni ga­za­na­rys. Biz bu ugur­da bol­sa konst­ruk­tiw sy­ýa­sa­ty alyp ba­ra­rys – di­ýip, Pre­zi­dent Aş­raf Ga­ni bel­le­di.
OW­GA­NYS­TAN­DA
PA­RA­HAT­ÇY­LY­GY ÜP­JÜN ET­ME­LI
Hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şan BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun Ow­ga­nys­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gyr­dy. Ol 35 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri bu ýurt­da pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek ug­run­da düýp­li iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Ow­ga­nys­ta­nyň Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy we beý­le­ki ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len ys­ny­şyk­ly hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi­ni bel­läp, Bü­tin­dün­ýä Söw­da gu­ra­ma­sy­nyň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­me­gi­niň hem uly wa­ka­dy­gy­ny bel­läp geç­di.
Brýus­sel­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi hem-de Ow­ga­nys­ta­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­ral­dy. Onuň çäk­le­rin­de ow­gan hö­kü­me­ti özü­niň ösüş ýo­lu­nyň tä­ze ugur­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat ber­di.