Duşenbe güni kriptowalýutanyň global bazardaky nyrhy iň ýokary derejä – 2 trillion dollara ýetdi. Iň meşhur kriptowalýuta bolan “Bitcoin” -iň görkezijisi 1,1 trillion dollar boldy. “Ark Invest”-yň bilermenleriniň pikiriçe, ulanyjylaryň gyzyklanmasy artdygyça, “Bitcoin”-iň ösüşi dowam eder. Diňe 2020-nji ýylyň dowamynda “Bitcoin”-iň gymmaty 500% -den gowrak ýokarlanypdy. Mundan başga-da, bu ýyl ýene iki esse artyp, geçen aý rekord derejede 61,606 dollar boldy.