“Toyota” daşky görnüşi “Subaru BRZ” bilen meňzeş bolan 2022-nji ýylyň “Toyota GR 86” modelini tanyşdyrdy. BRZ-niň çalaja üýtgedilen görnüşine meňzeýän “2022 GR 86” ýylyň ikinji çärýeginde satuwa çykarylar. Dünýaniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýasy bolan “Toyota”-nyň täze modeli hernäçe meňzeş hem bolsa, kuwwaty babatda “Subaru BRZ”-den tapawutlanýar. Göwrümi 2,4 litre barabar hereketlendirijisi bolan ulagyň kuwwaty 232 at güýjüne barabar. Ulagyň iki görnüşli tizlik gutusy bolup, onuň biri awtomat, beýleki alty basgançakly. Ulag 0-100 km/sagat tizlige 6,3 sekuntda ýetýär. “Toyota GR 86”-nyň uzynlygy 4265 mm-e, ini 1775 mm-e, beýikligi 1310 mm-e, iki tigriniň arasy 2575 mm-e deň. Ulagyň agramy 1270 kilograma deň.