Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda milli atçylyk däpleri yzygiderli baýlaşdyrylýar. Dünýäni haýrana goýýan gamyşgulak ahalteke bedewlerimiziň şanyna her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly toý tutulýar. Türkmen bedewiniň milli baýramy üstümizdäki ýylda, ýagny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem uludan toýlanar. Bu baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary hem gatnaşarlar.
Milli Liderimiziň atalyk aladalary bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde atçylyk toparlary hereket edýär. Olarda ösdürilip ýetişdirilýän gamyşgulak bedewlerimiz at çapyşyklaryna hem-de ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşýarlar. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary at çapyşyklarynda uly baýrakly orunlary eýeläp gelýärler.
Golaýda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Bu düzümler häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde harby we hukuk goraýjy edaralarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda atçylyk sporty bilen meşgullanmak, atlaryň çapyşyklara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ynsan gylykly bedewleriň Watan goragçylarynyň we ýurdumyzda tertip-düzgüniň berkarar edilmegini gözegçilikde saklaýan şahsy düzümleriň ýakyn ýardamçylaryna öwrülmegini üpjün edýär.
Şu ýylky baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar. Özboluşly reňk aýratynlyklary bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratly nesil ugurlaryna degişli bu bedewler owadanlygy, gelşikliligi, beden gurluşy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.
Milli gymmatlyklary gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda uly işleri amala aşyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Döwran Orazgulyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa
gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.