Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Sintiýa Sass her gün bir banan iýmegiň peýdasy barada «Health» žurnalyna beren söhbetdeşliginde belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bananyň ortaça 422 milligram kalini özünde jemleýändigi, onuň hem gündelik maslahat berlen kadanyň 12 göterimine deňdigi mälim edildi. Banan aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegi üçin zerur bolan iýmit süýüminiň çeşmesidir. Mundan başga-da bir bananda C we B6 witaminleriniň gündelik möçberiniň 20 göterimi bar. Bularyň hemmesi bananyň içki organlaryň ýagdaýyna we umuman saglyga peýdalydygyny görkezýär.
Şeýle hem lukmanlar tarapyndan geçirilen barlagda bananyň sport içgileriniň hem ornuny tutup biljekdigi mälim edildi. Lukmanlar welosiped türgenlerinde barlag geçirdiler. Türgenler 3 sagatlyk türgenleşik döwründe her 15 minutda ýarym banan iýip, güýçlendiriji içginiň bir bulguryny içdiler. Netijede, sport içgileri bilen bananyň deň derejede täsir edýändigi anyklandy.
Ýusup HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.