Her ýylyň 10-njy aprelinde dünýäniň dürli ýurtlarynda maşgala baýramçylygy – gyz we oglan doganlaryň güni bellenip geçilýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bu gün gyz we oglan doganlaryň milli güni hökmünde bellenýär. Bu baýramçylygy bellemegiň asyl maksady maşgala we garyndaşlyk gatnaşyklaryna hormat goýmak, doganlaryň arasynda birek-birek bilen gatnaşygy berkitmek ýaly şöhratly däbi dowam etdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu baýramçylyk dürli ýurtlarda dürli wagtlarda hem bellenilýär. Meselem, Hindistanda iýul-awgust aýlarynda «Rakşa-bandhan» milli baýramçylygy bellenýär. Şol baýramçylykda gyzlar oglan doganlarynyň ellerine daňy daňýarlar. Oglan dogan hem şol bir wagtda gyz doganyna sowgat berip, ony hemişe goldajakdygyna wada berýär. Şeýle baýramçylyklar maşgala gymmatlyklarynyň gorap saklanmagy jähtinden uly ähmiýete eýedir.
Aýbölek JUMAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.