Ýa­po­ni­ýa­nyň «All Nip­pon Air­wa­ys» awia­kom­pa­ni­ýa­sy beý­le­ki ýurt­la­ryň awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry ýa­ly öz te­le­ke­çi­lik ug­ru­ny do­wam et­dir­mek üçin tä­ze usul saý­lap al­dy­. Hä­zir­ki wagt­da uçar gat­naw­la­ry­nyň ýy­gy­ly­gy­nyň azal­dy­lan döw­rün­de ýa­pon awia­kom­pa­ni­ýa­sy ho­wa men­zi­lin­dä­ki uçar­la­ry­nyň bi­ri­ni res­to­ran hök­mün­de ulan­ýar. Oňa «ga­nat­ly res­to­ran» di­ýip at ber­di­ler.
Hä­zir­ki ýag­da­ýa gö­rä res­to­ra­nyň içi düz­gün­leş­di­ril­di. 60 adam ka­bul edil­ýär we how­puz ara­lyk sak­lan­ýar. Il­ki­baş­da bir ge­zek­lik sy­nag hök­mün­de baş­lan res­to­ran hyz­ma­ty soň­lu­gy bi­len yzy­gi­der­li ýag­daý­da do­wam et­di­ril­er.
Uçar­da ýa­pon ýa-da beý­le­ki ýurt­la­ryň ta­gam­la­ry­ny saý­la­mak hu­ku­gy bar. Bi­rin­ji synp­da­ky na­har­lan­ma­gyň ba­ha­sy 540 dol­la­ra deň­dir. Bu res­to­ran­da na­har­lan­mak üçin öňün­den sar­gyt et­me­li. Ada­ty pe­tek sa­tyn al­ma­ly, ho­wa men­zi­lin­dä­ki ze­rur bo­lan bar­lag­lar­dan ge­çip, uçar­da na­har­lan­mak bol­ýar. Uçar­da­ky res­to­ran­da müş­de­ri­le­re uçarbe­let­le­r hyz­mat ed­ýärler. Bu res­to­ra­na gy­zyk­lan­ma bar­ha art­ýar.
Şeý­le hyz­ma­ty Tai­lan­dyň, Sin­ga­pu­ryň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hem-de Finl­ýan­di­ýa­nyň awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry ýo­la goý­dy.

Sün­net MEH­MAN­GU­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.