Eý­sem, ada­myň saý­la­ýan reň­ki­niň onuň hä­si­ýe­ti­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni bil­ýär­di­ňiz­mi? Gün­de­lik dur­muş­da saý­la­ýan reň­ki­ňiz si­ziň hä­si­ýe­ti­ňiz ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ry be­rip bil­ýär. Bu ba­ra­da ýüz­ler­çe ýyl­dan bä­ri dür­li pi­kir­ler or­ta atyl­ýar. Hü­när­men­ler haý­sy reň­kiň nä­hi­li hä­si­ýe­ti ala­mat­lan­dyr­ýan­dy­gy ba­ra­da dür­li yl­my bar­lag­lary ge­çir­di­ler. Ola­ryň kä­bi­ri­ni si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

Ýa­şyl – te­bi­ga­tyň reň­ki ha­sap­lan­ýar, köp­lenç, ra­hat­lyk duý­gu­sy bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. De­ňag­ram­ly we pa­ra­hat hä­si­ýet­le­ri gör­kez­ýär. Ýa­şyl reňk si­zi özü­ne çek­ýän bol­sa, bu si­ziň we­pa­ly­lyk, dog­ru­çyl­lyk hä­si­ýet­le­ri­ňi­ziň bar­dy­gy­ny, zäh­met­sö­ýer we ada­lat­ly­dy­gy­ňy­zy aň­lad­ýar.
Ma­wy – psi­ho­log­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, bu reňk kö­şeş­di­ri­ji hä­si­ýe­te eýe. Ma­wy reňk ada­myň saz­la­şyk­ly­lyk, yg­ty­bar­ly­lyk, duý­gur­lyk we jo­gap­kär­çi­lik­ ýa­ly hä­si­ýet­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Ma­wy reň­ki ha­la­ýan adam­lar beý­le­ki­le­re duý­gu­daş­lyk bildirýär­ler we berk dost­luk gur­ýar­lar.
Gy­zyl – bu reň­ki ha­la­ýan adam­lar, köp­lenç, daş­ky şah­sy­ýet aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Go­ýy gy­zyl reň­ki ha­la­ýan bol­sa­ňyz, bu dur­mu­şa do­ly taý­ýar­dy­gy­ňy­zy we eder­men­di­gi­ňi­zi gör­kez­ýär. Açyk gy­zyl is­len­dik mow­zuk­da di­ýen ýa­ly pi­ki­ri bo­lan aç-açan nuk­daý­na­za­ry we tu­tan­ýer­li hä­si­ýe­ti­ňi­zi, şol bir wag­tyň özün­de hem tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki adam­la­ryň pi­ki­ri­ne hor­mat goý­ýan te­bi­ga­ty­ňy­zy gör­kez­ýär.
Ga­ra – köp­lenç, ab­raý we güýç bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­sa-da, psi­ho­log­lar ga­ra reň­ki saý­la­ýan adam­la­ryň duý­gur, üns­li we dö­re­di­ji­lik­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Güýç we duý­gur­ly­gyň ga­ryn­dy­sy bo­lan bu reňk adam­la­ryň mak­sa­da ok­gun­ly­lyk hä­si­ýe­ti­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Ak – bu reň­ki, köp­lenç, ter­tip-düz­gü­ni go­wy gör­ýän adam­lar ha­la­ýar. Ak reň­ki saý­la­ýan adam­lar her bir işi bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Ýo­ka­ry mak­sat­la­ry we işe ok­gun­ly hä­si­ýe­ti özün­de jem­le­ýän adam­la­ryň ak reň­ki ha­la­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Sa­ry – Gün nu­ry ýa­ly sa­ry reň­ki ha­la­ýan adam­lar özü­ne­çe­ki­ji­dir we el­my­da­ma şa­dy­ýan, bagt­ly hem-de mä­hir­li ha­sap­lan­ýar. Şeý­le adam­lar, köp­lenç, bir zat­la­ra meş­gul we tö­we­re­gi köp adam­ly bo­lup, gep­leş­me­gi, ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy we gül­me­gi go­wy gör­ýär­ler.
Gyrmyzy – psi­ho­log­lar, köp­lenç, gyr­my­zy reň­ki çe­per­çi­lik ýa-da dö­re­di­ji­lik ru­hy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Bu reňk mä­hir­li, re­him­li, tö­we­re­gin­dä­ki gat­na­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha be­rip bil­jek ada­myň hä­si­ýet­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem bu reň­ki ha­la­ýan adam­lar beý­le­ki adam­la­ra çäk­siz hor­mat goý­mak, sa­byr we dü­şün­je­li­lik bi­len çe­me­leş­ýär­ler.
Çal – bu hy­juw­ly we üs­tün­li­ge gö­nük­di­ri­len, hem­me za­dyň kä­mil bol­ma­gy­ny is­le­ýän, zäh­met­sö­ýer adam­la­ryň hä­si­ýe­ti­ni aň­lad­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, çal reň­ki ha­la­ýan­lar hiç wagt iç­ki duý­gu­la­ry­ny be­ýan et­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär­ler.
Gül­gü­ne – hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, gül­gü­ne reň­ki ha­la­ýan­lar, köp­lenç, ujyp­syz zat­lar­dan bagt­ly bo­lup bil­ýän, şa­dy­ýan, şol bir wag­tyň özün­de hem jo­gap­kär­çi­lik­li we äh­li borç­la­ry­na çyn­la­kaý ýa­pyş­ýan adam­lar ha­sap­lan­ýar.