Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” iň aşaky orunda barýan “Şalke” topary 12 oýundan soň ýeňiş gazandy. Gelsenkirhem şäheriniň wekili öz meýdançasynda “Augsburgy” 1-0 hasabynda ýeňdi. “Şalke” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 4-nji minutda Suat Serdar geçirdi. Möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazanan “Şalke” topary 28 oýundan soň 13 utuk bilen soňky basgançakda barýar. Möwsümiň tamamlanmagyna 6 tapgyr galanda, “Şalkeniň” ligada galmagy üçin garaşylmadyk wakalaryň bolmagy zerur.