UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji iki ýarum finalçy belli boldy. Düýnki geçirilen duşuşyklarda myhmançylykda oýnan klublar 1-0 hasabynda ýeňiş gazansalar hem olara ýaryşy dowam etdirmek başartmady.
Soňky çempion “Bawariýa” geçen hepdede öz meýdançasynda PSŽ-den 3-2 asgyn gelip, bu ýaryşda 19 oýundan utulypdy. Şol ýeňliş diňe hasabat bolman, eýsem, olaryň çempionlyk derejesini ýitirmeginiň ilkinji ädimi boldy. Parižde oýnalan jogap oýny diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Iki tarap hem ençeme amatly pursatlardan ýerliki peýdalanyp bilmedi. Aýratynam ýer eýeleriniň super ýyldyzy Neýmara örän amatly pursatlarda topy derwezä girizmek başartmady. Onuň iki urgusyny derwezäniň sütünleri saklady. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 40-njy minutda “Bawariýanyň” kamerunly hüjümçisi, PSŽ-niň öňki oýunçysy Çupo-Moting öz adyna ýazdyrdy. Ýöne bu gol nemes klubuna ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady. Şunlukda, PSŽ geçen ýylky finalyň aryny alyp, taryhynda 3-nji gezek ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy. PSŽ ýarym finalda “Mançester Siti” ýa-da “Borussiýa Dortmund” bilen oýnar.