12-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Şu my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra hormatly Prezidentimiz gat­naş­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018-nji ýy­lyň 15-nji few­ra­lyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ry­lan bank ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry­nyň açyl­ma­gy şan­ly se­nä – Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy, olar ýur­du­my­zyň yzy­gi­der­li yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
«Bouy­gu­es Ba­ti­ment In­ter­na­tio­nal» meş­hur fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan gur­lan bank­la­ryň tä­ze bi­na­la­ry Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gin­de, soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­my­zyň işe­wür­lik mer­ke­zi ke­ma­la ge­len Çan­dy­bil şa­ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýär.
«Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky hyz­mat­la­ryň möç­be­ri bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň esa­sy bank­la­ry­dyr. Dür­li ýaş­da­ky ra­ýat­lar üçin «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Pen­si­ýa», «Ru­hu­be­lent ne­sil­ler», «Wa­tan ger­çek­le­ri», «Möh­let­li», «Ze­nan kal­by» hem-de «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň «Tä­ze ma­nat – tä­ze dur­muş», «Ça­ga­la­ra ni­ýet­le­nen mak­sat­ly go­ýum», «Ene-ata­lar ha­kyn­da ala­da», «Hal­kyň sag­ly­gy – Wa­tan baý­ly­gy», «Ça­ga­lar – bi­ziň gel­je­gi­miz», «Bäh­bit­li» go­ýum­la­ry­ny nagt we nagt däl go­ýum­la­ryň my­sa­ly hök­mün­de bel­läp bo­lar.

«Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky
«Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň bi­na­sy­nyň umu­my meý­da­ny 17 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak­dyr. Eda­ra­la­ryň bi­rin­ji we ikin­ji gat­la­ryn­da amal­lar zal­la­ry, de­po­zi­ta­ri­ýa, pul­ha­na­lar, mej­lis­ler za­ly we na­har­ha­na, dür­li mak­sat­ly beý­le­ki otag­lar ýer­leş­ýär. Köp san­ly gul­luk­lar we hü­när­men­le­riň iş otag­la­ry hem ze­rur en­jam­lar bi­len üp­jün edil­di. Tä­ze bi­na­da gym­mat­lyk­la­ry yg­ty­bar­ly sak­la­mak düz­gün­le­ri­ni we şol bir wagt­da müş­de­ri­le­re hyz­mat edil­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin hem­me şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy.
Tä­ze bi­na­da döw­re­bap komp­ýu­ter en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len iş orun­la­ry­nyň 300-den gow­ra­gy gur­nal­dy. Ban­kyň hü­när­men­le­ri bir wag­tyň özün­de 250-den gow­rak müş­de­ri­ni ka­bul edip, ola­ra ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat edip bil­ýär­ler.
Hä­zir «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň gul­lu­gy hem-de onuň 23 şa­ham­ça­sy tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýär, 600 müň­den gow­rak müş­de­rä hyz­mat edip, ola­ra amat­ly go­ýum­la­ryň­dyr hyz­mat­la­ryň giň gör­nüş­le­ri­ni, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ni karz­laş­dyr­mak bi­len bir­lik­de, karz se­riş­de­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýär.

«Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky
«Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň umu­my meý­da­ny 16 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lup, be­ýik­li­gi 76,5 met­re, ini 35,5 met­re ba­ra­bar­dyr. «A» top­lum­da do­lan­dy­ryş, ho­ja­lyk we teh­ni­ki otag­la­ry ýer­leş­ýär. 1-nji gat­da 247 orun­lyk mas­la­hat­lar za­ly we beý­le­ki otag­lar, 2-11-nji gat­lar­da iş otag­la­ry bar. Bi­na­nyň ýo­kar­ky gat­la­ryn­da ban­kyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň iş otag­la­ry ýer­leş­ýär.
Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­myz­da bi­na edil­ýän hä­zir­ki za­man des­ga­la­ry­nyň äh­li­sin­de bol­şy ýa­ly, bank eda­ra­syn­da iş­gär­ler üçin amat­ly, do­ly komp­ýu­ter­leş­di­ri­len otag­la­ry goş­mak bi­len, äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
«B» top­lum­da ikin­ji gat­da amal­lar za­ly, müş­de­ri­ler bi­len iş­le­mek üçin otag­lar, kas­sa­lar ýer­leş­ýär. Şeý­le-de, bu ýer­de gaz­na, na­har­ha­na, gul­luk ulag­la­ry üçin du­ral­ga bar. «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň 13 şa­ham­ça­sy hem-de bir bank gul­lu­gy iş­jeň he­re­ket ed­ýär.
Bank il­kin­ji­le­riň bi­ri bo­lup, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge ma­li­ýe gol­da­wy­ny be­rip baş­la­dy. Ban­kyň hyz­mat­la­ryn­dan hu­su­sy te­le­ke­çi­ler, eýe­çi­li­giň äh­li gör­nüş­le­rin­dä­ki kär­ha­na­lar, bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ryň we da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri peý­da­lan­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, bank ýur­du­myz­da gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­ýär. «Se­na­gat» paý­dar­lar tä­jir­çi­lik ban­ky «Aş­ga­bat gaz­na bir­ža­sy» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň bi­ri­dir.
Hä­zir­ki wagt­da bank ila­tyň is­leg­le­ri­ni we tek­lip­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, dür­li şert­le­ri bo­lan go­ýum­la­ryň 9 gör­nü­şi­ni hö­dür­le­ýär.