“Mercedes-Benz” kompaniýasy ilkinji batareýaly sedan ulagyny tanyşdyrdy. Ulagyň 21 dýuýmlyk tigirleri, görünmeýän gapy tutawaçlary we aerodinamikasy ünsüňi özüne çekýär. Lýuks ulagyň uzynlygy 5265 mm bolup, “S-Class” ulagynyňka barabar. Lýuks ulagyň bir gezekki zarýady bilen 770 kilometre ýol geçip biljekdigi beýan edildi. Aýdylyşyna görä, ulagyň iki görnüşli batareýalysy bolar – 108 kW/sagat hem-de 90 kW/sagat. Kiçi batareýaly ulag bir gezekki zarýady bilen 640 kilometr ýol geçer. Elektroulaglar “EQS 450” hem-de “EQS 580” ady bilen hödürlener. “EQS 450”-iň kuwwaty 330 at güýjüne, “EQS 580 4MATIC” atly nusgasynyň kuwwaty 525 at güýjüne barabar bolup, dört tigri bir wagtda aýlanar. Elektrokary ýokary tizligi sagatda 210 kilometr bilen çäklendirilipdir. Modeliň “EQS 450+” nusgasy 0-dan 100- km/sagat tizlige 6,2 sekuntda ýeter. “EQS 580 4MATIC”-de bu görkeziji 4,3 sekunt. 15 minutlyk zarýad ulagyň 300 kilometr ýol geçmegi üçin ýeterlik bolar. Ulagyň iç tarapynda çyzylmaga garşy goralan üçin sany uly panel ýerleşdirilipdir. Bu uly ekranlar 8 ýadroly bolup, 24 GB RAM hödürleýär.

EQS atly elektroulagyň içi “MBUX Hyperscreen” atly dizaýn bilen bezelipdir. Ulagda “S-Class”-yň käbir aýratynlyklary hem bar – hyýaly hakykat tehnologiýasy bolan “head-up” displeý, 10 derejä çenli aýlanýan yzky tigirler. “S-Class”-da bolşy ýaly, ulagyň yzky oturgyçlary hem lýuks bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu oturgyçlar ýyladyjy, sowadyjy we massaž aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem yzdaky ýolagçylar üçin 11,6 dýuýmlyk ekran göz öňünde tutulypdyr.