Gün­ler­de bir gün bir adam to­kaý­da ýö­räp bar­ýark­a ke­be­le­giň go­za­dan çyk­jak bo­lup dyr­jaş­ýan­dy­gy­ny görüp­dir. Ol adam ke­be­le­ge ep-esli wagt syn edipdir. Ahyr­so­ňy ýa­dan kebelek he­re­ket et­me­gi­ni bes e­dipdir. Ke­be­le­ge ýa­rdam et­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wen adam aň­sat­lyk bi­len çyk­ma­gy üçin go­za­nyň de­şi­gi­ni gi­ňeldipdir. Şeý­le­lik­de ke­be­le­jik da­şa­ry çyk­ypdyr. Em­ma ol en­tek uç­ma­ga taý­ýar däl­ eken. Be­de­ni gu­ry, ga­nat­la­ry ýy­gyrt-ýy­gyrt­ eken. Ol adam ke­be­le­k güýç top­lap uçup gider diýip pi­kir edipdir. Ýö­ne go­za­syn­dan ýa­ňy çy­kan ke­be­le­jik nä­çe dyr­jaş­sa-da, uçup bil­män, ýer­de süý­ren­ipdir. Ýag­şy ni­ýet­li adam aslynda kebelejige kömek etmek is­läp­di. Em­ma ke­be­le­giň go­za­dan çyk­ma­gy üçin he­re­ket et­me­li­di­gi­ni, şol he­re­ke­tiň ne­ti­je­sin­de be­de­nin­dä­ki su­wuk­ly­gyň ga­nat­la­ry­na ýaý­ra­ýan­dy­gy­ny we şon­dan soň­ra uç­ma­ga taý­ýar bo­lýan­dy­gy­ny bil­me­ýär­di.
Öňü­miz­den çy­kan päs­gel­çi­lik­le­ri ýe­ňip geç­mek bi­zi dur­muş­da on­dan soň­ky ädi­me taý­ýar­la­ýar, ýe­ter­lik güý­ji top­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Öz ga­na­ty­ňyz bi­len uçmak is­le­se­ňiz, zäh­met çek­me­li­di­gi­ni, gö­reş­me­li­di­gi­ni unut­maň! Maksadyňyza aň­sat­lyk bi­len ýet­mek si­ziň üçin ýag­şy­lyk däl, bel­ki ýa­man­lyk bo­lup bi­ler.