Ys­sy gün­ler ge­lip ýet­di. Şeý­le bo­lan­soň öý­ler­de, iş ýer­le­rin­de, köp­çü­lik ýer­le­rin­de we aw­tou­lag­lar­da ser­gin­le­di­ji ula­nyl­ýar. Ta­la­ba­la­ýyk ula­nyl­ma­dyk ýag­da­ýyn­da ser­gin­le­di­ji­ler adam sag­ly­gy­na ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Hü­när­men­ler il­ki bi­len sal­kyn­la­ma­gyň te­bi­gy ýol­la­ryn­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. My­sal üçin, ho­wa ga­ty ys­sy däl bol­sa, pen­ji­rä­ni açyp, tu­ty­ny ýap­mak ar­ka­ly otag­la­ry sal­kyn edip bo­lar. Ser­gin­le­di­ji­le­re ze­rur­lyk duý­lan ha­la­tyn­da bol­sa, ola­ry dog­ry ulan­ma­ly. Tä­ze möw­sü­miň öň ýa­nyn­da en­ja­my­ňy­za teh­ni­ki ideg et­me­li. Mu­ny işi­ne us­sat hü­när­men ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Ge­rek bol­sa aras­sa­lat­ma­ly. Ser­gin­le­di­ji­niň ula­nyş düz­gün­le­ri­ni bil­me­li. Ser­gin­le­di­ji da­şar­da­ky ho­wa­ny içe­rik däl-de, içer­dä­ki ho­wa­ny da­şa­ryk çy­kar­mak ar­ka­ly so­wad­ýan bol­ma­ly. Ser­gin­le­di­ji­ni aşa so­wuk de­re­je­de iş­let­mek, onuň öňün­de otur­mak, da­şar­dan gel­nen ba­dy­na iş­läp du­ran ser­gin­le­di­ji­niň öňü­ne geç­mek adam sag­ly­gy­na ze­per ýe­ti­rip bi­ler.

Gül­je­mi­le Hu­daý­ber­di­ýe­wa,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky TDLU-nyň kli­ni­ki far­ma­ko­lo­gi­ýa we en­dok­ri­no­lo­gi­ýa okuw­lygos­pi­tal te­ra­pi­ýa ka­fed­ra­sy­nyň as­sis­ten­ti.