Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň “XC40 Recharge” modeli Amerikan ýol howpsuzlygy ätiýaçlyk institutynyň (IIHS) “Top Safety Pick Plus” (TSP+) baýragyna mynasyp boldy. Şeýlelikde brend ähli modeli “TSP+” baýragyna mynasyp bolan kompaniýa boldy. Şeýle hem “Volvo XC40 Recharge” bu baýraga mynasyp bolan ilkinji dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi SUV boldy. “Volvo Cars” golaýda “TSP+” baýraklarynyň berlip başlanan  2013-nji ýylyndan bäri awtoulag öndürijileriniň arasynda rekord goýdy. IIHS howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edýän awtomobillere “TSP+” baýragyny gowşurýar. “Volvo Cars” fewralda dokuz, martda bäş we geçen aý bir sany (şu ýylyň dowamynda jemi 15) “TSP+” baýragyny aldy. Kompaniýa ulaglarynyň ählisinde kakyşmagyň öňüni alýan awtomat duýduryjy we duruzyjy ulgam, pyýadany we welosipedlini kakmagyň öňüni alýan ösen ulgam bilen üpjün edilen.