Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

UEFA Çempionlar ligasynda finala çykan ikinji topar hem belli bolup, Stambuldaky aýgytlaýjy duşuşykda iki iňlis kluby duşuşar. 1–1 tamamlanan birinji duşuşygyň jogap oýnunda “Çelsi” öz meýdançasynda “Real Madridi” 2–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Her ýarymda bir gol geçiren Tuheliň şägirtlerinden Timo Werner (28) bilen Jeýson Mount (85) tapawutlandy. Iki gola-da oýnuň gahrymany saýlanan N’Golo Kanteniň uly goşandynyň bolandygyny belläliň. Şeýlelikde, 2-0, umumylykda-da 3-1 hasabynda ýeňşini baýram eden “Çelsi” topary taryhynda 3-nji gezek finala çykmagy başardy. 2012-nji ýylda kubogy eýelän “Çelsi” 2008-nji ýylda-da ilkinji sapar finalda oýnapdy.

3-nji iňlis finaly

29-njy maýda Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk stadionynda oýnaljak “Mançester Siti” bilen “Çelsiniň” arasyndaky final duşuşygy bu ýaryşdaky 3-nji iňlis finaly bolar. Mundan öň 2008-nji ýylda “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsi”, 2019-njy ýylda-da “Liwerpul” bilen “Tottenham” duşuşypdy. Ilkinji iňlis finalynda “Çelsi” Mançester şäheriniň beýleki wekili “Ýunaýtedden” penaltileriň netijesinde asgyn gelipdi.

Tälimçisini çalşan möwsüminde finala çykýar

“Çelsi” topary tälimçisini çalşan möwsümlerinde finala çykmagy başardy. 2007/08 möwsüminde Žoze Mourinionyň ornuna Awram Grant, 2011/12 möwsüminde Andre Willaş-Boaşyň ornuna Roberto Di Matteo, bu möwsümde-de Frank Lampardyň ornuna Tomas Tuheli wezipä belledi.