Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bu ýerde geçiriljek çärelere görlen taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty kabul edip, täze toplumyň guruljak ýerini hem-de tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu ýerleriň özboluşly aýratynlygy, dag howasy ahalteke bedewlerine ýaramly howa gurşawyny döreder.
şöhratly atçylyk däpleri
dowam etdirilýär
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Bu toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler we taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ambarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz binagärlik nukdaýnazaryndan athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz toplumyň häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagynyň hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň, ekologiýa ýagdaýynyň nazarda tutulmagynyň möhüm talapdygyny belledi.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşmagynda çuňňur many bardyr. Täze atçylyk toplumy harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini döwrebap derejede ösdürmekde ähmiýetli bolar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň, taryhyň dowamynda öçmejek yz goýan ussat seýisleriň yhlasyndan kemal tapan ahalteke bedewleri dünýäniň medeni gymmatlygyna ägirt uly goşantdyr. Türkmen halky bedewlere aýratyn gadyr goýýar. Bu bolsa, bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galmagynyň gözbaşydyr diýip, Arkadag Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy halkymyzyň «At–myrat», «At agynan ýerde toý bolar», «Aty pyýada gözi bilen alma…», «Atyň rysky alnynda» diýen ajaýyp jümleleri döredendigini we bu gün ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly işleriň halkara derejesinde ösdürilýändigini belledi.
Buýsançly bedewiň şekiliniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Milli Liderimiz bedewleriň adamyň ruhuny götermäge ukyplydygyny, aýratyn yhlas bildirip, olar bilen iş salyşýan adamlaryň tutumlarynyň rowaç alýandygyny köp ýyllaryň durmuş tejribesiniň subut edendigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekdi. Belent Serkerdebaşymyz täze desganyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi. Bu ýerde ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary milli Liderimiziň toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna ak pata bermegini haýyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.
Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular.
Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.
Harby okuwçylar ýöriteleşdirilen harby mekdepde sanly ulgamyň kömegi arkaly döwrebap bilim alýandyklary, häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirýändikleri barada gürrüň berip, ýaş nesil baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Miweli baglar we üzüm
ösdürilip ýetişdiriler
Soňra milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, dag eteginde ýerleşýän ajaýyp künjekde miweli baglaryň we üzümiň köp görnüşleri ekildi.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hormatly Prezidentimize ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, aýwa, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.
Bu ýerde üzümleriň alty görnüşi sazlaşykly ösýär. Üzüm agaçlaryny ýörite germewlere galdyrmak we üzüm dalbarlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Munuň üzümiň hasyllylygynyň artdyrylmagynda hem-de olaryň kesele durnukly bolmagynda ähmiýetlidigini milli daýhançylyk tejribeleri subut etdi.
Bu giňişlikde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby bölümleriniň her biriniň miweli baglary hem-de üzümçiligi ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer bölekleri berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda zähmet terbiýesiniň hem-de harby düzgün-nyzamyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işler giň gerimde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, suwaryşyň damjalaýyn usulynyň ornaşdyrylmagyna, ylmyň gazananlarynyň we ösen tejribä milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine ugrady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarda 2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ýurdumyzda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly bu düzümleriň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.