Gün şöh­le­si­niň de­ri­mi­ze peý­da­sy köp. Ýö­ne onuň zy­ýan­ly ta­rap­la­ry hem bar we biz onuň öňü­ni al­mak üçin ala­da et­me­li bol­ýa­rys. Gü­nüň ýi­ti şöh­le­si sa­çyň ze­per­len­me­gi­ne – gu­rak, dö­wük we ga­ty bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Eý­sem, sa­çy­my­zy Gün­den nä­hi­li go­ra­ma­ly, ys­sy ho­wa­da nä­hi­li ge­ýin­me­li, sa­çy­my­za nä­hi­li ideg et­me­li? Ine, şu so­wal­la­ryň jo­gap­la­ry.

La­ýyk şam­pu­ny saý­laň! Her ki­miň sa­çy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy baş­ga­ça bol­ýar. Kä­bir ki­şi­niň sa­çy gu­ry, kä­bi­ri­niň­ki çalt go­ňak­la­ýar. Şol se­bäp­li sa­çy­myz üçin la­ýyk şam­pu­ny saý­la­ma­ly. Eger şam­pun sa­çy­my­zyň gör­nü­şi­ne ga­bat gel­me­ýän bol­sa, on­da go­ňak­la­mak, ýag­lan­mak, düş­mek ýa­ly oňaý­syz ne­ti­je­ler ýü­ze çy­kyp bil­ýär.
Kos­me­ti­ka se­riş­de­le­rin­den ga­ça du­ruň! Ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len sa­çy­myz gu­rak bo­lup baş­la­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­rda reňk­le­nen saç­la­ryň ys­sy­nyň tä­si­ri ze­rar­ly ep-es­li üýt­ge­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Şo­nuň üçin bu dö­wür­de saç be­jer­gi­sin­den ga­ça du­ruň! To­mus­da sa­çy­ňy­zy reňk­le­mek ýa-da reň­ki­ni üýt­get­mek is­le­se­ňiz, Gün bat­ma­z­dan öň reňk­läň! Sa­çy­ňy­zy reňk­le­mek üçin or­ga­ni­ki mad­da­la­ry saý­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Kon­di­sio­ner ula­nyň! Kon­di­sio­ner se­riş­de­si çyg­ly­ly­gy we ýa­şa­ýyş iş­jeň­li­gi­ni di­kelt­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Sa­çy­ňy­zyň gör­nü­şi­ne we gur­lu­şy­na la­ýyk se­riş­dä­ni saý­lap alyň! Bu se­riş­dä­ni hep­de­de bir ge­zek ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär.
Az şam­pun ula­nyň! Her gün sa­çy­ňy­zy ýuw­mak sa­çy­ňy­za we kel­le de­ri­ňi­ze zy­ýan­ly­dyr. Şam­pun ga­ty köp ula­nyl­sa, kel­lä­ňi­zi we sa­çy­ňy­zy has hem gu­ra­dyp bi­ler. Köp der­le­ýän bol­sa­ňyz we sa­çy­ňyz ýag­ly bol­sa ys­sy ho­wa üçin has amat­ly ýe­ňil şam­pun göz­läň!
Ýü­züşden soň ýu­wuň! Ýü­zül­ýän ho­wuz­lar­da­ky hlor we Gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri sa­çyň reň­ki­ni we de­ri­niň dü­zü­min­dä­ki be­lo­gy düýp­li üýt­geş­me­le­re se­ze­war ed­ýär. Şol se­bäp­li is­le de­ňiz­de bol­sun, is­le ho­wuz­da ýü­zen­den soň ýu­wun­mak sa­çyň ze­per­len­me­gi­niň öňü­ni al­ýar.
Sa­çy­ňy­zy gu­ra­da­ny­ňyz­da ys­sy ho­wa üf­le­ýän gu­ra­dy­jy en­jam­la­ry we sa­ça şe­kil be­ri­ji ütük­le­ri ulan­maň! Bu­lar sa­çy­ňy­zyň te­bi­gy­ly­gy­ny ýi­ti­rer. Sa­çy­ňy­zy otag tem­pe­ra­tu­ra­syn­da gu­ra­dyň!
Sa­çy­ňy­zy ti­mar­laň! Sa­çy­ňy­zyň uç­la­ry ys­sy­da köp dö­wül­ýär. Bu ýag­daý sa­çyň gu­ry bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Şol se­bäp­li sa­çy­ňy­zyň uju­ny gyr­kyň! Eger sa­çy­ňy­zyň gys­gal­ma­gy­ny is­le­me­ýän bol­sa­ňyz, onuň uju­na ideg et­jek we sa­çy­ňy­zy jan­lan­dyr­jak hi­mi­ki go­şun­dy­syz eme­li we te­bi­gy mel­hem­ler­den peý­da­la­nyň!
Reňk­li sa­çy­ňy­za ideg ediň! Sa­çy­ňy­zy go­laý­da reňk­län bol­sa­ňyz, Gü­nüň gyz­ýan wag­ty da­şa­ryk çyk­maň! Se­bä­bi reňk­li saç­lar ide­gi has köp ta­lap ed­ýär. Hi­mi­ki be­jer­gi­ler sa­ça ze­per ýe­ti­rip bi­ler. Sa­ça ideg önüm­le­ri­ni al­ma­ly bo­la­ny­ňyz­da, reňk­li ýa-da be­je­ri­len saç­lar üçin ýö­ri­te ön­dü­ri­len önüm­le­ri saý­la­ma­ly­dy­gy­ny unut­maň!
Köp suw içiň! Sa­çy­ňy­zy Gün şöh­le­sin­den go­ra­mak üçin ýo­kar­da­ky­la­ryň hem­me­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bol­sa­ňyz hem, ýe­ter­lik muk­dar­da suw iç­me­se­ňiz, ba­ry puç bo­lar. Çün­ki iç­ýän su­wu­ňyz, iý­ýän iý­mi­ti­ňiz saç de­ri­si­ne we hi­li­ne tä­si­ri edip bil­ýär. Iý­mi­ti­ňiz­de müm­kin bol­du­gy­ça tä­ze mi­we­le­ri we gök önüm­le­ri iý­me­gi en­dik edi­niň! Bu gu­rak ho­wa­da saç üçin ze­rur ideg­dir.