Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp 12-13-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler.
Forumyň guramaçylary “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi «Türkmen Forum» H.J bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Foruma dünýäniň gaz bazaryndaky halkara hünärmenler we esasy bilermenler gatnaşar. Bu çäre Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ýardam berýän abraýly işewürlik forumydyr.
Forumyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşindäki ählumumy we sebitleýin ýörelgeler, şeýle hem bu ugurda sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek we gaz himiýa taslamalarynyň geljegi aýratyn üns merkezinde bolar.
Halkara Foruma halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri, PETRONAS, Dragon Oil PLC, Hytaý Milli Nebit Korporasiýasy (CNPC), “Hyundai Engineering”, “Shell”, “Gaffney”, “Cline & Associates” (GaffneyCline), NAPECO, “Vitol” we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) ýaly öňdebaryjy nebit we gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iri maliýe guramalarynyň hünärmenleri gatnaşar.