Dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmegiň mümkinçiligi geçen ýylda 280 gigawat artyp, 2 müň 970 gigawatta ýetdi. Arassa energiýa öndürmekdäki bu rekord ösüşiň dowam etjekdigi bellenilýär. Halkara energiýa agentliginiň taýýarlan maglumatnamasynda geçen ýyl üpjünçilik babatda bökdençlikleriň bolandygyna garamazdan, global derejede arassa energiýanyň önümçiligi ýokarlanypdyr. Maglumatnamada bu ösüşiň 1999-njy ýyldan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidigi bellenilýär. Bu ösüşi howanyň özgermeginiň öňüni almak üçin bilen bagly durmuşa geçirilýän taslamalaryň, arassa energiýa taslamalaryna berilýän goldawyň we tehnologiýanyň bahasynyň arzanlamagynyň täsiriniň bolandygy aýdylýar. Geçen ýyl Ýer ýüzünde işe girizilen Günden energiýa alýan beketleriň önümçilik kuwwaty 2019-njy ýyldakydan 23 göterim artyp, 135 gigawatt bolupdyr. Şeýlelikde Günden alynýan energiýanyň umumy kuwwaty 737 gigawata ýetdi. Degişli döwürde Ýelde turbinalaryndan alynýan energiýanyň önümçilik kuwwaty 114 gigawat artyp, jemi 737 gigawata ýetdi. Energiýanyň beýleki arassa çeşmelerinden bolsa geçen ýyl 31 gigawatlyk energiýa öndürýän desgalar işe girizildi.