Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy aýawly saklamak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, Oraza baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip, jemgyýeti jebisleşdirýän, watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler guralýar. Metjitlerde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hem-de parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk ýaly ýörelgelerimizi artdyrmagyň bähbidine, milli agzybirligimizi we jebisligimizi
has-da berkitmegiň hatyrasyna
doga-dilegler edilýär.

Re­me­zan aýy­nyň her gü­ni mü­bä­rek ha­sap edil­ýär. Ýö­ne Ga­dyr gi­je­si­niň mer­te­be­si ola­ryň äh­li­sin­den hem be­lent ha­sap edil­ýär. Bu gi­jä­niň «Ga­dyr gi­je­si» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len şol gi­je­de aý­ra­tyn bir ga­dyr­ly­ly­gyň bar­dy­gy nyg­tal­ýar we onuň ma­ny­sy aý­dyň açy­lyp gör­ke­zil­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz her ýyl Ora­za aýyn­da Ga­dyr gi­je­si my­na­sy­bet­li ata-ba­ba­la­ry­my­zyň bi­ze wes­ýet eden re­him­dar­lyk, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, to­ba edip, eden et­miş­le­ri­ne ökün­ýän ýüz­ler­çe ra­ýat­la­ry tus­sag­lyk­dan bo­şad­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de döwlet Baştutanymyzyň baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de mil­li däp-des­sur­la­ry­myz my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Hal­ky­myz ola­ra uly hor­mat goý­ýar, bu bol­sa türk­me­niň öz kök­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ryň, di­ni we dün­ýe­wi des­sur­la­ryň tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ma­gy ne­ti­je­sin­de jem­gy­ýe­ti­miz hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bi­ziň baş mak­sa­dy­myz jem­gy­ýe­tiň ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny hem-de ah­lak kä­mil­li­gi­ni, ru­hy-me­de­ni mi­ra­sa sar­pa go­ýul­ma­gy­ny, aja­ýyp mil­li ýö­rel­ge­le­riň my­na­syp do­wam et­di­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek­dir. Türk­men­ler – pa­ra­sat­ly, sa­hy, päk ýü­rek­li, zäh­met­sö­ýer, gü­ler ýüz­li, dost­luk­ly halk bo­lup, oňa ru­hy tä­miz­lik, mil­li buý­sanç, kö­me­ge mä­täç bo­lan­la­ra re­him­li­lik ýa­ly be­lent duý­gu­lar mah­sus­dyr. Türk­men hal­ky­nyň bu hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry mu­kad­des Ora­za baý­ra­myn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pyp, ol adam­la­ry asyl­ly iş­le­ri amal et­mä­ge, ata Wa­ta­ny­my­zyň bäh­bi­di­ne tä­ze be­lent mak­sat­la­ry ga­zan­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.
Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň: «Re­me­zan di­ýer­ler aýyň ýag­şy­syn» diý­ýän mu­kad­des aýy yn­san­la­ryň kal­by­ny päk­läp, ta­mam­la­nyp bar­ýar.
Mu­kad­des Ora­za aýyn­da Gud­ra­ty güýç­li Al­la­ta­ga­la mu­kad­des Gur­han­dan il­kin­ji sü­re­le­ri ibe­rip­dir. Şol se­bäp­den bü­tin mu­sul­man ym­ma­tyn­da bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky hem bu aýa aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa goý­ýar. Re­him-şe­pa­gat­ly­ly­ga ça­gyr­ýan bu sa­ha­wat­ly aýyň her bir gü­nün­de hal­ky­myz mu­kad­des däp-des­sur­la­ry ber­jaý ed­ýär, ag­za­çar sa­da­ka­la­ry­ny be­rip, ýur­du­my­zyň asu­da­ly­gy üçin do­ga-di­leg­ ed­ilýär.
Umu­man, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz beý­le­ki edim-gy­lym­la­ry­myz bi­len bir­lik­de, Ora­za aýy bi­len bag­ly däp-des­sur­la­ry­my­zy hem gaý­ta­ryp ber­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de kö­ne­den gel­ýän däp­le­ri­miz tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ýar. Mu­kad­des aý­da tu­tan ora­za­la­ry­ňyz, be­ren sa­da­ka­la­ry­ňyz, eden do­ga-di­leg­le­ri­ňiz ka­bul bol­sun, eziz il­deş­ler!

Ys­lam­ber­di TYL­LA­NU­ROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.