Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bu gün gö­zel paý­tag­ty­myz uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Aş­ga­ba­dyň be­ýik ösüş­le­ri bu ýe­re gel­ýän da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ry hem haý­ra­na goý­ýar. Goý­ny jen­net, ba­har-ýa­za meň­ze­ýän ak şä­he­ri­miz her bir yn­sa­ny mä­hir-mu­hab­bet bi­len gar­şy­la­ýar. Ak şä­he­ri­mi­ziň owa­dan bi­na­la­ry, daş-tö­we­re­giň aras­sa­ly­gy, hä­zir­ki za­man keşp­li kö­çe­le­ri­mi­ziň gör­ka­na­ly­gy, sa­ýa­ly bag­la­ry gö­zel­lik küý­sän kal­by­ňa hoş­wagt­ly­lyk paý­la­ýar.
Aş­ga­bat – Wa­ta­ny­my­zyň ýü­re­gi. On­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na da­hyl­ly ta­ry­hy çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Aş­ga­bat – ýur­du­my­zyň ýü­zi. Di­ýa­ry­my­za ge­len we­ki­li­ýet­ler, sy­ýa­hat­çy­lar­dyr myh­man­lar paý­tagt şä­he­ri­mi­ze se­re­dip, tu­tuş ýur­du­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri­ne ba­ha ber­ýär­ler.

Şo­ňa gö­rä-de, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na tä­sin des­ga­la­ry­nyň 11-si bi­len gi­ren Aş­ga­bat 2013-nji ýyl­da dün­ýä­de ak mer­mer­li bi­na­la­ryň iň köp jem­le­nen şä­he­ri hök­mün­de onuň sa­hy­pa­la­ryn­da orun al­dy. Mu­nuň özi, oza­ly bi­len, za­ma­na­my­zyň be­ýik ar­hi­tek­to­ry hor­mat­ly Prezidentimiziň paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri­niň dün­ýä de­re­je­li yk­ra­ry­dyr, ýur­du­my­zyň paý­tag­ty­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­lik­le­ri­ne ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 7-nji maý­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de özü­niň «Ak şä­he­rim Aş­ga­bat» at­ly ki­ta­by­ny ta­mam­lan­dy­gy ba­ra­da buş­luk­ly ha­ba­ry aýt­dy. Bu ki­tap paý­tag­ty­my­zyň şan­ly 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li mil­li Li­de­ri­mi­ziň hal­ky­my­za aja­ýyp peş­ge­şi­dir.
Ki­tap­da äh­li­mi­ziň söý­gü­li şä­he­ri­mi­ziň üýt­ge­şik gö­zel­li­gi­ni açyp gör­kez­ýän fo­to­su­rat­lar dö­re­di­ji­lik duý­gur­ly­gy bi­len saý­la­nyp al­nyp­dyr, olar paý­tag­ty­my­zyň ta­ry­hy­ny, şu gü­nü­ni we gel­je­gi­ni be­ýan edip, oky­ja öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­nyň tä­sin­li­gi­ni, giň şa­ýol­la­ry, iň tä­ze aw­to­ban­la­ry syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Al­ty bö­lüm­den yba­rat tä­ze ki­tap­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de paý­tag­ty­my­zy ös­dür­mek­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ha­kyn­da jik­me-jik gür­rüň be­ril­ýär. Bu ese­ri okap, mil­li Li­de­ri­mi­ziň ze­hi­ni­ne, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen şä­her­gur­lu­şyk ylym­la­ryn­dan baş çy­ka­ryp, iň tä­sin tas­la­ma­la­ry hem ýo­ka­ry ne­ti­je­li­lik bi­len dur­mu­şa ge­çir­mek us­sat­ly­gy­na haý­ran gal­ýar­syň. Ki­ta­by okan oky­jy hä­zir­ki za­ma­nyň gur­lu­şyk, in­že­ner­çi­lik iş­le­ri, hyz­mat­lar ul­ga­my ba­bat­da­ky tä­ze dü­şün­je­ler bi­len ta­nyş bol­ýar.
Paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine san­ly­ja gün galdy. Bu ýubileý ýy­ly şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüler. Gö­zel paý­tag­ty­my­zy ösüş­le­riň, öz­ge­riş­le­riň, tä­sin bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň me­ka­ny­na öw­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Çe­men Ga­ýy­po­wa,
Gu­ba­dag et­ra­by­nyň 40-njy or­ta mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik
par­ti­ýa­sy­nyň iş­jeň ag­za­sy.