«Suzuki», «Subaru», «Daihatsu», «Toyota» we «Mazda» ýaly ýapon awtoulag kompaniýalary täze nesil ulag aragatnaşyk enjamlary üçin çözgütleri bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Aragatnaşyk, «bulut», emeli aň we özbaşdak sürüş ýaly tehnologiýalar awtoulag pudagyna çynlakaý täzelikleri getirip, awtoulaglary daşky gurşaw bilen hemişe aragatnaşykda bolýan ulaglara öwürýär. Bu ugurdaky tehnologiýalaryň çalt ösýän döwründe kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşlik hem ýitileşýär. Şol sebäpli kompaniýalar ýokary tehnologiýa talap edýän bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny artdyrýar. Ýapon brendleriniň arasynda gazanylan şertnama laýyklykda, kompaniýalar ulaglardan torlara birigýän we umumy birikdiriş aýratynlyklary bolan ulgamlary döretmegi meýilleşdirýärler.
Hanmämmet PATYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.