Şu gün – 16-njy maýda “Aşgabat bahary” kinofestiwalynyň çäklerinde “Aşgabat” kinoteatrynda gysga göwrümli filmleriň görkezilişi boldy. Tomaşaçylara jemi on film görkezilip, olar öz halan filmine ses berdiler. Bu ýere ýygnananlara “Doglan günüň gutly bolsun, Aşgabat!”, “Aždarhaly haly”, “Netije”, “Meniň kakam”, “Gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşar”, “Owaz”, “Aktýor”, “Kaka ogul”, “Baky juwan Aşgabat” we “Aşgabat” filmleri görkezildi. Tomaşaçylar tarapyndan saýlanan filmiň ýeňijisine 23-nji maýda “Aşgabat” kinoteatrynda dabaraly ýagdaýda baýrak gowşurylar. Şeýle hem, şol gün Eminler toparynyň baýragy, Iň gowy režissýor, Iň gowy ssenariý eseri, Iň gowy operatoryň işi, Iň gowy şekil döreden erkek keşbi, Iň gowy şekil döreden zenan keşbi ugurlaryndan baýraklar gowşurylar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap geçirýän “Aşgabat bahary” atly kinofestiwaly 10-njy maýda açylypdy. “Aşgabadyň waspy kino sungatynda” atly hepdeligiň çäklerinde “Türkmenistan” hem-de “Watan” kinoteatrlarynda dürli ýyllarda düşürilen filmleriň görkezilişi boldy. Festiwalda «Aşyr aganyň hötjetligi» (1955ý), «Ilkinji ekzamen» (1958ý.), «Ýuwaş gelin» (1970 ý.), «Japbaklar» (1973ý.), «Bagt guşy» (2006ý.), «Gyzykly gezelenç» (2009ý.), «Gumly gelniň aýdymy» (2013ý), «Kämillige ýol» (2017ý), «Ýaş köňülleriň ganaty» (2020ý.) we «Galkynyş» (2020ý.) filmleri görkezildi.