Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.

Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda “Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol ulaglaryny we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.

Hazaryň ýakasynda ýerleşýän iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky dostlugyň hem-de giňelýän hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrülen täze paromy garşylamak dabarasyna hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.

Ýurdumyzyň esasy “Deňiz derwezesiniň” düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, deňiz ulaglarynda her ýylky ýük daşalyşynyň mukdary barha artýar, şonuň ýaly-da, bu ýere gelýän daşary ýurt gämileriniň sany köpelýär. Özüniň iş terjimehalyny türkmen portuna ýük getirmekden başlan “Azerbaýjan” paromynyň gelmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.