Ýene-de 25 günden başlanjak EURO 2020-niň resmi senasy mälim edildi. Aýdymy ýaryşyň resmi taýdan aýdymçysy saýlanan gollandiýaly DJ, aýdym-saz prodýuseri Martin Garriks, U2 toparynyň aýdymçysy Bono hem-de gitaraçysy the Edge bilelikde taýýarladylar. “We Are the People” atly bu aýdym ilkinji gezek halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirildi. Umyt, ygrarlylyk hem-de položitelligi öňe sürýän aýdym barada 25 ýaşyndaky Martin Garriks: “Dünýäniň iň uly sport çäreleriniň birine Bono we the Edge bilen bilelikde aýdym taýýarlamak meniň üçin ýatdan çykmajak waka. Aýdym bizi buýsandyrýar we ahyrynda hemmeler bilen paýlaşmak bizi begendirýär” diýip, gürrüň berdi.
Aýdymyň önümçisili Martin Garrikse, sözleri we sazy Bono degişli bolup, ony gitara bilen bezän the Edge boldy.