2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyyň 30 ýyllygy, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Tbilisi şäher häkimligi Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Tbilisi teleýaýlym diňini Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendirdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi «Mtasminda» seýilgähiniň çäginde ýerleşýär, bu ýerden şäheriň gözel keşbine syn edip bolýar. 1972-nji ýylda gurlan teleýaýlym diňiniň beýikligi 274,5, deňiz derejesinden beýikligi – 719,2 metrdir. Tbilisiniň esasy nyşanlarynyň biri bolan teleýaýlym diňi şäheriň ähli ýerinden diýen ýaly görünýär.
Bu çäre iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, şeýle hem Türkmen halkyna çuňňur hormatyny ýene bir gezek görkezdi.
Tbilisi teleýaýlym diňi iki günläp Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen şöhlelendiriler.