17-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birek bilen mähirli salamlaşdylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary ýadygärlik surata düşdüler. Soňra Prezidentler ikiçäk duşuşygyň geçirilýän ýerine geldiler.

Milli Liderimiz Tatarystanyň Baştutanyny myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslanan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň Baştutanyna öz adyndan we Türkmenistanyň ähli halkynyň adyndan Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen we köp sanly adam pidalaryna hem-de heläkçilige sebäp bolan pajygaly waka zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini aýtdy.

Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edilendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi, medet beriji sözleri we şu agyr pursatda bildiren duýgudaşlygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize kakasynyň aradan çykmagy zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi we ähli tatarystanlylaryň adyndan medet beriji sözlerini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz bildiren gynanjy we medet beriji sözleri üçin Prezident Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, dürli derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary we umuman, hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

 

Giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rustam Minnihanowy we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalaryny Aşgabatda görýändigine şatdygyny ýene bir ýola belläp, şu gezekki saparyň halklarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta binýadyň bardygyny tassyklaýandygyny aýtdy.

Biziň netijeli gatnaşyklarymyz Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Munuň özi ýokary derejede özara saparlaryň yzygiderli alşylýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-tatar gatnaşyklary Russiýa bilen ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar we gatnaşyklaryň üstüni ýetirýär hem-de baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “KamAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işini aýratyn belledi. Şu güne çenli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanmak üçin özüni gowy tarapdan görkezen we meşhur kysymly awtoulaglaryň köp möçberi satyn alyndy. Mundan başga-da, Aşgabatda “KamAZ” okuw-hyzmat merkezi üstünlikli hereket edýär. Türkmenistan geljekde bu kärhananyň diňe bir awtoulaglaryny däl, eýsem, beýleki ýörite maksatly tehnikalaryny hem satyn almagy göz öňünde tutýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz türkmen tarapynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy nazara alyp, ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary talaplaryna gabat gelýän “KamAZ” kysymly elektrobuslary satyn almak meselelerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Kazanyň dikuçar zawody bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Geçen aýda şu kärhanada öndürilen häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen “Ansat” dikuçarlary getirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, gämigurluşyk ulgamy boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň deňiz flotuna Zelenodolskiniň gämigurluşyk zawodynda öndürilen iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämileri gelip gowuşdy. Ýurdumyz tatarystanly hyzmatdaşlaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr.

Nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk artdyrylar 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriniň biri bolan Türkmenistan energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, önümleriň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny köpeltmek we ony köpugurly esasda ösdürmek ýurdumyzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Tatneft” hem-de “KER-Holding” kompaniýalary bilen “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň arasynda nebiti çykarmak, gaýtadan işlemek, energetika desgalaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Türkmenistan bar bolan mümkinçilikleri doly herekete girizmek üçin bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak babatda oňyn tejribe toplandygyny belläp, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde döwlet ähmiýetli möhüm taslamalaryň biri bolan “Aşgabat-siti” taslamasynyň gurluşygyna ünsi çekdi. Bu ýerde ýakyn wagtda edara ediş binalary, hyzmatlar ulgamyna degişli kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly binalary bolan şäher kemala geler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan gurluşyk we täze toplumy öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak babatda Tatarystanyň oňyn tejribesini ulanmaga gyzyklanma bildirýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýän ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek barada aýdyp, biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, diliň ýakynlygynyň, medeniýetleriň, däp-dessurlaryň, milli gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Häzir bu gatnaşyklary ösdürmäge we baýlaşdyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanmalar beýan edilýär.

Özara haryt dolanyşygy artýar

Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Tatarystanyň wekiliýetiniň agzalary çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, özara haryt dolanyşygynyň artýandygyny nygtadylar. Şunda özara alşylýan harytlaryň mukdaryny we görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Tatarystanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, obasenagat toplumynda hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýtdy. Bu ugurda özara gatnaşyklar boýunça oňyn tejribe toplanyldy.

Prezident Rustam Minnihanow bu günki duşuşygyň tatar-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasyna boljak saparynyň çäklerinde Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.

Duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.