Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Az salym öň tälimçi Luis Enrike Ispaniýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümini mälim etdi. Enrike düzüme ýygyndynyň hem-de “Real Madridiň” kapitany, soňky wagtlarda şikesi sebäpli ibaly çykyş etmedik Serhio Ramosy çagyrmady. Ispaniýanyň ýygyndysynyň köýnekçesini 180 gezek geýen Ramos ýene-de 5 duşuşyk geçirse, ol tutuş dünýäde milli ýygyndyda iň köp oýnan oýunçy rekordynyň eýesi bolar. Tälimçi möwsümi 2-nji hatarda tamamlan “Real Madridden” ýeke futbolçyny hem düzüme çagyrmady. Enrike gutarnykly düzüme Ýago Aspas, Karwahal, Marko Asensio ýaly oýunçylary-da almady.  Asly Fransiýadan bolan we Deşam tarapyndan çagyrylmadyk “Mançester Sitiniň” goragçysy Emerik Laport hem ýygynda alyndy. Ol ilkinji gezek ýygyndyda çykyş eder.

DERWEZEÇILER: Unai Simon, Dawid De Hea, Robert Sançes

GORAGÇYLAR: Hose Gaýýa, Žordi Alba, Pau Torres, Emerik Laport, Erik Garsiýa, Diego Llorente, Sezar Azpilikueta

ÝARYMGORAGÇYLAR: Markos Llorente, Serji Buskets, Rodri, Pedri, Tiago Alkantara, Koke, Fabian Ruiz, Dani Olmo

HÜJÜMÇILER: Mikel Oýarzabal, Žerar Moreno, Alwaro Morata, Ferran Torres, Adama Traore, Pablo Sarabiýa