Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň döredilmeginiň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy hem-de mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi.
Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler.
Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, körpejeleriň saglygy kadaly. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.
Ýaş maşgalalar, heniz çagalary dünýä inmänkä, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda ilkinji doglan oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen ýa-da Maýa adyny dakmak baradaky teklibini uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtly durmuşy üçin buýsanjyň özboluşly nyşany bolar.
Şoňa görä-de, körpejeleriň ene-atalary şeýle belent ýörelgeden ruhlanyp, oglanjyga Aşgabat, gyzjagaza bolsa Merjen adyny dakmak kararyna geldiler.