25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.

Bu ýerde taryhy ähmiýetli waka mynasybetli we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň taryhyny, onuň durmuş aýratynlygyny giňişleýin beýan edýän görnüşler has-da täsirli boldy. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrýan şatlykly pursatlara beslendi.

Milli Liderimiz çykyşlara tomaşa edip, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş toplumynyň toý bagyny kesdi. Onuň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ilaty üçin Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Bu ýerde birbada 140 jaýyň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň şanly ýubileýini alamatlandyrýar.

Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki desgalarynda zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň özüniň mellek ýeri bolup, bu ýerde ekerançylyk, bagçylyk bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Şeýle hem binalaryň gurluşygy we bezeg aýratynlyklary utgaşykly ýerine ýetirildi.