“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda 2021-nji ýylyň iyun aýynyň 1-den bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde,

çarşenbe we anna günleri: Aşgabat-Mary–Türkmenabat,

penşenbe we şenbe günleri: Türkmenabat-Mary–Aşgabat, Türkmenabat-Gazojak, Gazojak-Türkmenabat, Türkmenabat-Amyderýa, Amyderýa-Türkmenabat hem-de Mary-Serhetabat, Serhetabat-Mary

ýekşenbe güni: Aşgabat-Daşoguz

duşenbe güni” Daşoguz-Aşgabat

ugurlary boýunça demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň Iýul aýynyň 1-ne çenli uzaldylandygy barada habar berilýär.