Türkmen halkyny dünýä tanadan gymmatlyklaryň içinde haly aýratyn orny eýeleýär. Nepis halylara çeper elli gyz-gelinlerimiziň yhlasy, döredijilik ylhamy, olaryň mähriban topragymyza, il-günümize bolan söýgüsi siňipdir. Halkymyzyň owadan, nepis halylarymyza guwanjy, buýsanjy çäksizdir. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň uludan toýlanylmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün halkymyzyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Ýurdumyzda halyçylyk sungatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi halyçylarymyzy yhlasly we tutanýerli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.
Ajaýyp halylar ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesidir, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr. Türkmen halysy ata Watanymyza wepadarlygymyzyň mukaddeslik aýdymydyr. Şonuň üçin haly göllerimiz milli Tugumyzy we Tugramyzy bezeýär.
Türkmen halyçy zenanlarynyň gadymy döwürlerden bäri dünýäde meşhurlyga eýe bolan el halylary häzirki wagtda hem hemmeleri haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň gözelligi hakynda gürrüň açýan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplaryň awtory bolan hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» kitabynda: «Türkmen halysy – sungat, türkmen halysy – aň beýikligi, türkmen halysy – paýhasyň dabaralanmasy, türkmen halysy – heňňamlaryň ýaşaýyş hakyndaky soňlanmajak, bakylyk aýdymydyr» diýip baha berýär. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi mähriban Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda alyp barýan işleriniň belent ykrarnamasydyr.
Halyçylyk senedi türkmeniň milli gymmatlygy hem-de türkmen durmuşynda gadymdan meşhur bolup gelen nepis sungat. Ol halkymyzyň gadymylygynyň we akyl paýhasynyň subutnamasy. Halynyň gözelligi we dokalyş täsinligi umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna türkmen halkynyň goşan deňsiz-taýsyz goşantlarynyň naýbaşysydyr.
Türkmen halyçylarynyň on barmagynyň hünärinden dörän müňýyllyklaryň ömür dowamatyna, syrly rowaýatlara öwrülip, dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp sungat eserleri häzirki döwürde özboluşly kämillige eýe bolýar.
Milli gymmatlygymyz bolan türkmen halysynyň gözelligini açyp görkezmek, ondaky nagyşlaryň taryhyny öwrenip, halk köpçüligine ýetirmek bilen baglanyşykly, Gahryman Arkadagymyzyň halyçy gelin-gyzlarymyzyň zähmet çekmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, haly sungatymyzda halypa-şägirtlik ýoly hem uly üstünliklere beslenýär.
Haly dokamak, onuň hiliniň ýokary, reňk öwüşginleriniň ajaýyp bolmagy üçin boýaglary taýýarlamagyň hem öz syrlary bolupdyr. Ene-mamalarymyz asyrlaryň dowamynda ösümliklerden reňk almakda baý tejribe toplap, ýokary hilli owadan halylary dokapdyrlar.
Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň uly şatlyk, dabara bilen bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyza goýýan hormat-sarpasyndan nyşandyr.
Şemşat GAZAKOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.