Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň gözelligini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip, agaç nahallaryny oturtmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu işe ähli halkymyzyň agzybirlikde gatnaşmagy bolsa, bir maksada uýup ýaşamakdan, jebislikden nyşandyr.
Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.
Diýarymyzyň tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklary we toprak-howa şertleri nazara alnyp, maksatnamada, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda, tokaý hojalyklarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösdürilip ýetişdiriljek bag nahallarynyň görnüşleri, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça geçiriljek ylmy-barlag işleriniň, guramaçylyk çäreleriniň ugurlary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň meýilnamasy kesgitlenildi.
Diýarymyzda ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň netijeli çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyz tebigaty goramak, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.
Bu gün Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutýan meýdanlary has-da giňeldi.
Ýurdumyzyň ministrlikleridir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde, şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary, bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen sazlaşýan, ählumumy howpsuzlygyň esasy düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatynda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlaryny amala aşyrmagyň esasynda tebigat bilen jemgyýetiň sazlaşygynyň utgaşmagyny görmek bolýar. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen iri möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. «Altyn asyr» Türkmen köli ekologiýany düýpli gowulandyrmaga, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen iri taslamalaryň biridir.
Şäherleriň şaýollarynyň, köçeleriniň ugruny bezäp oturan gülleri, ýaşyl zolaklary we bezeg baglary synlanyňda, milli Liderimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine göz ýetirýärsiň. Ýurdumyzyň şäherleriniň, etrap merkezleriniň we obalaryň arassaçylyk, abadançylyk ýagdaýyna bagtyýar raýatlarymyz uly işjeňlik bilen öz goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Bu bolsa häzirki zaman jemgyýetimizde täze ekologik medeniýetiň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.