Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Angliýanyň Medeniýet ministrligi Rim mifologiýasyndaky “Söýginiň hudaýy Wenera” atly taryhy medalyň daşary ýurda satylmagyna çäklendirdi. XV asyra degişli bolan teňňäniň bahasy 17 million funt sterlingi deň bolup, bu taryhy eseriň satylmazlygy üçin wagtlaýyn eksport gadaganlygy girizildi. Ministrlik eksport gadagançylygynyň 4 aý dowam etjekdigini we bu döwürde teňňäni satyn almak bilen taryhy ýadygärlikleriň ýurtda galmagyny üpjün etmek isleýän iňlis guramalaryny çagyrdy. Asyrlarboýy gaty gowy saklanyp galan medalyň bürünçden ýasalandygy we kümüş we simap bilen örtülendigi aýdylýar.