Ýewropa basketbolynyň iň uly klub ýaryşy Ýewroligada Türkiýäniň “Anadolu Efes” topary çempion boldy. Germaniýanyň Köln şäherinde geçirilen “Final Four” duşuşyklarynyň finalynda “Barselona toparyny 86:81 hasabynda ýeňen “Anadolu Efes” ilkinji çempionlygyny gazandy.  4-nji gezek “Final Four”-da oýnan “Anadolu Efes” 2019-njy ýyldan soň 2-nji finalynda çempion bolmagy başardy. Duşuşykda Wasilýe Miçiç 25, Şeýn Larkin 21 utuk bilen çykyş edip, “Anadolu Efesiň” çempionlygyna uly goşant goşdular. Wasilýe Miçiç “Final Four”-yň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy.

“Anadolu Efes” Ýewropligada çempionlyk gazanan 2-nji türk kluby bolup, ondan öň 2017-nji ýylda “Fenerbahçe” kubogy eýeläpdi.  Geçen ýyl “Final Four” tapgyry geçirilmedik bäsleşikde türk toparlary yzly-yzyna 5-nji gezek finalda oýnady. “Fenerbahçe” 2016-njy we 2018-nji ýyllarda finalda ýeňlipdi.

Ýarym finalda “Anadolu Efes” Russiýanyň “SSKA Moskwa” toparyny 89:86 hasabynda ýeňdi. “Barselona” bolsa Italiýanyň “AX Armani Exchange Milano” toparyndan 84:82 hasabynda asgyn geldi. Baýrakly 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da Milan şäheriniň wekili SSKA-ny 83:73 hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy.