7-nji – 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle hem Russiýanyň milli respublikalaryndan teatrlaryň 28-si çykyş eder.

«Festiwalyň şu ýyl Tatarystan Respublikasynda Prezident Rustam Minnihanowyň yglan eden Ene diller we milli agzybirlik ýylynda geçirilmegi bilen tapawutlanýar. Türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly biziň köklerimize ýüzlenmäge mümkinçilik berýär, ol türki halklaryň tutuş teatr bileleşigi üçin wajyp umumy ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň gözlegidir» – diýip Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Irada Aýupowa nygtady.

Gözden geçirilişe 500-e golaý adamyň gatnaşýar. Spektakllar Kamal, «Ekiýat», Tançurin we Kariýew teatrlarynda, şeýle hem Kaban kölüniň kenarynda görkeziler.

Festiwal 2009-njy ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilýär, onuň çäklerinde aktýorlyk we režissýorlyk boýunça ussatlaryň sapaklary, dürli seminarlar hem-de duşuşyklar geçirilýär.