6-njy iýunda Meksikada ştat ýolbaşçylaryny kesgitlemek boýunça geçirilen saýlawda zenan dalaşgärler has köp ýeňiji boldy. 15 ştatyň altysynda zenan dalaşgärler saýlandy. Ýurduň taryhynda ilkinji gezek şeýle köp zenan ýolbaşçy bu wezipelere bellendi. Geçirilen saýlawda Wekiller palatasynyň agzalary, ştatlaryň gubernatorlary we has kiçi administratiw bölekleriň ýolbaşçylary saýlandy. Ýurduň Milli saýlaw institutynyň (INE) beren maglumatyna görä, has köp ses alan alty zenanyň bäşisi häkimiýetdäki Milli Täzeleniş Hereketiniň (Morena) dalaşgärleridir.
Mundan ozal ýurduň taryhynda jemi 8 zenan bu wezipä saýlanypdyr. Häzirki wagtda ýurduň paýtagty Mehiko şäherine Klaudia Şeýnbaum ýolbaşçylyk edýär. Şeýlelikde ýurduň 7 ştatynyň zenan ýolbaşçysy bolar. 126 million töweregi ilaty bolan ýurtda soňky geçirilen ilat ýazuwynda zenanlaryň sany erkekleriňkiden 3 milliondan gowrak köp bolupdy.