Milli mukaddesligimiz bolan ak bugdaýy başynyň täjine deňeýän halkymyz geçen hepde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda galla oragyna girişdi. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem 11-nji iýunda galla oragyna guramaçylykly girişerler.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär. Daý­han­lar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, hi­mi­ki se­riş­de­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we su­wa­ryş su­wy bi­len do­ly üp­jün edil­ýär.
Eder­men gal­la­çy­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de şu ýyl ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň – Gal­la ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, hal­ky­my­zy azyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­mek üçin azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mö­hüm­dir – di­ýen öwüt-ün­dew­le­rin­den ruh­la­nan eder­men gal­la­çy­lar yh­las­ly zäh­met çe­kip, tä­ze üs­tün­lik­le­ri­ ga­zanýar­lar.
Şu ýyl ýur­du­my­zyň gal­la­çy­la­ry 690 müň gek­tar meý­dan­dan 1 mil­li­on 400 müň ton­na dä­ne ýyg­na­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Gal­la meý­dan­la­ryn­da bug­da­ýyň «Säh­ra­ýy», «Ju­wan», «Be­re­ket­li», «Ýo­lö­ten-1», «Ýo­lö­ten-3», «Türk­men­ba­şy-1», «Go­şant», «Mi­ras», «Ro­waç», «Ha­syl­ly» hem-de «Wa­tan» ýa­ly ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri ekil­di.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan suw, naý­ba­şy to­hum, dö­kün, teh­ni­ka bi­len üp­jün­çi­li­giň ýo­ka­ry bol­ma­gy eder­men gal­la­çy­la­ryň yh­la­sy­na yh­las goş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan oba öz­gert­me­le­ri daý­han­la­ryň ruh­la­ry­ny gö­ter­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl ýyg­na­mak ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li şert­ler we müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň uly tu­tum bi­len toý­la­nyl­ýan ýy­lyn­da gal­la­çy­lar ýyl­bo­ýy çe­ki­len zäh­me­tiň reh­ne­di­ni gör­ýär­ler. Ola­ryň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren gal­la ha­sy­ly gys­ga wag­tyň için­de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gal­la har­ma­ny­ny dol­dur­dy.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz azyk­lyk gal­la bi­len içer­ki is­leg­le­ri do­ly ka­na­gat­lan­dy­ryp, dün­ýä­de azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge my­na­syp go­şant goş­ýan, bug­da­ýy eks­port ed­ýän döw­let­le­riň ha­ta­ryn­da ynam­ly orun al­dy. Ýo­ka­ry hil­li çö­rek we çö­rek önüm­le­ri, un hal­ky­my­za el­ýe­ter­li ba­ha­lar­dan hö­dür­le­nil­ýär. Bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy oba zäh­met­keş­le­ri­niň işe hö­we­si­ni has-da art­dyr­ýar.
Oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň iň ga­dy­my­la­ry­nyň we esa­sy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ak bug­daý be­re­ket­li top­ra­gy­myz­da has ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýe­tiş­di­ri­len be­re­ket­li ha­sy­lyň ýe­ke­je dä­ne­si­ni-de is­rip et­män ýyg­nap al­mak üçin dä­ne or­ýan kom­baýn­la­ryň giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy oba zäh­met­keş­le­ri­niň buý­san­jy­ny beý­geld­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len her ýyl oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri sa­tyn alyn­ýar. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy önüm ön­dü­ri­ji­le­rin­den sa­tyn alyn­ýan teh­ni­ka­lar oba zäh­met­keş­le­ri­niň esa­sy ýar­dam­çy­sy bol­ýar. Olar tä­ze hem-de döw­re­bap teh­ni­ka­lar­dan peý­da­la­nyp, oba ho­ja­ly­gy üçin gym­mat­ly bo­lan önüm­le­riň bol ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­ýär­ler.
Hal­ky­my­zyň rys­ga­ly we azyk ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ke­pi­li bo­lan bug­da­ýyň bol ha­sy­ly­ny ön­dür­mek ba­bat­da uly ala­da­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ba­tyr AŞY­ROW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.