Hytaýyň ýaşaýjysy Ýu Szýansýanyň kirpikleriniň uzynlygy 20,5 santimetre ýetýär. Onuň çep gözüniň ýokarky gabagynda kirpikleri has uzyn. Ýunuň aýtmagyna görä onuň kirpikleri 2015-nji ýylda birden ösüp başlapdyr. Lukmanlar bu ýagdaýyň sebäbini düşündirip bilmediler. Aýal adatdan daşary uzyn kirpikleriň gündelik durmuşyna täsir etmeýändigini, hatda kömek edýändigini aýdýar. Ýu kirpiklerini tertipli saklamak üçin olary diňe gulaklarynyň arkasyndan goýberýändigini aýdýar.